15-nji
oktýabrda paýtagtymyzda «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy
ugurlary» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady, bu çäräni
ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy guraýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän ýöriteleşdirilen sergi şu ýyl
Watanymyzda 20-nji oktýabrda ilkinji gezek bellenilýän Senagat işgärleriniň
gününe bagyşlanýar.
Senagat
toplumynyň we kommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegine ýardam etmek, ýurdumyzyň
önüm öndürijileriniň hem-de sergä gatnaşýan daşary ýurt kompaniýalarynyň
senagat enjamlarynyň, iň täze tehnikasynyň we hyzmatlarynyň ägirt uly
mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak şu gezekki halkara sergisiniň hem-de ylmy
maslahatynyň baş maksady bolup durýar. Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň,
Russiýanyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň wekilleri foruma öz işewürlik
teklipleri bilen geldiler.
Sergide
gaýtadan işleýän senagat pudaklarynyň himiýa hem-de dokma senagaty, gaz we
nebithimiýa, ulag, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi we azyk senagaty
ugurlarynyň ösüşi beýan edilýär. Ýurdumyzyň döwlet hem-de telekeçilik
düzümleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň sergi bölümlerinde bilelikdäki
taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikleri açylyp
görkezilýär.
«Türkmenistanyň Senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly Halkara sergi we ylmy maslahat ýurdumyzyň senagatynyň, öňdebaryjy dünýä tejribelerini öwrenmekde bazarlarymyzyň ägirt uly mümkinçiligini görkezmekde netijeli meýdança boldy.