milli goshun logo
Ykdysadyýetimizi sanlaşdyrmagyň tapgyrlary: elektron töleg ulgamy
Ykdysadyýetimizi sanlaşdyrmagyň tapgyrlary: elektron töleg ulgamy
28.03.2019 1383 Habarlar

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda hemmetaraplaýyn sanlaşdyrmagyň çäklerinde raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak üçin ýörite hyzmat ulgamlary döredilýär. Şeýlelikde, Aşgabat şäheriniň «Döwletenergogözegçilik» kärhanasynda häzirki zaman enjamlary we täzeçil tehnologiýalar bilen üpjün edilen degişli Hasabat merkezi döredildi.

Bu ýerde paýtagtymyz boýunça sarp edijileriň maglumatlary, salgylary, peýdalanylan elektrik energiýasynyň möçberi, tölegiň möhleti elektron görnüşinde jemlenýär. Ykjam telefon, töleg terminallary, internet üpjünçilik ulgamy arkaly töleg geçirmek mümkinçiligi döredi. Şeýle merkezleri şu ýylyň aýagyna çenli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda açmak meýilleşdirilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyk gelýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň birnäçe düzümleri bütindünýä internet ulgamyna birikdirildi. Aýratyn-da, bu işde müşderilere sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerini hödürleýän döwlet maliýe guramalary işjeňlik görkezýärler. Şeýlelikde, ýurdumyzyň her bir raýaty internet-banking ulgamlarynda bellige alnyp bilinýär. Ol ykjam we beýleki telefonlaryň, IP telewideniýäniň, internetiň tölegini geçirmäge, alnan karz serişdelerini tölemäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu hyzmatlar gije-gündiziň dowamynda 24 sagat ýola goýuldy.

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýörite saýtynyň üsti bilen awiapetekleri satyn almak mümkinçiligi döredi.

Ýurdumyzda täze ulgamy işjeň ornaşdyrmakda «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky hem häzirki wagtda işjeňlik görkezýär. Ol optiki belgileriň-QR kodlarynyň kömegi arkaly töleg ulgamyny taýýarlady. Şeýlelikde, raýatlar ykjam telefonlar arkaly islendik harytlar we hyzmatlar üçin töleg geçirip bilýärler.