3-nji iýulda birinji ýarym ýylyň jemlerine
bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna sanly
tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny
mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitledi.
Sanlylaşdyrmak — milli ykdysadyýetimiz üçin hil
taýdan täze döwür bolup, durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet Baştutanymyzyň
takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasy esasynda
oňa geçmek mümkin boldy. Ol ösüşiň durnukly oňyn depginini üpjün etmek bilen
çäklenmän, eýsem, degişli şertleriň üýtgemegine uýgunlaşmagy, daşarky ýagdaýlar
bilen şertlendirilen töwekgelçilikleriň azalmagyny üpjün etdi.
Şeýlelikde, diwersifikasiýa ýoly bilen ösüşi
we senagatlaşdyrmagy, ýokary goşulan bahaly taýýar önümiň öndürilmegini ugur
edinýän ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň düzümi üýtgeýär. Hususylaşdyrmak işi dowam
edýär. Ýokary tehnologiýaly, ylmy işleri talap edýän we innowasion pudaklary,
hususan-da, elektron senagatyny ösdürmegiň binýady goýuldy.