18-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we
ýurdumyzda döwlet saparynda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In
Hazar sebitindäki örän iri senagat kärhanasyna – Gyýanly şäherçesindäki polimer zawodyna bardylar.
Bellenilişi ýaly, iň häzirki zaman toplumynyň önümçilik kuwwaty ýylda 5 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge, onuň hasabyna her ýyl 386 müň tonna ýokary dykyzlykly polietilen, 81 müň tonna hem polipropilen öndürmäge mümkinçilik berýär. Şu önümleri öndürmek üçin tebigy gazyň düzüminden alnan zerur bolan etan, propan ýaly maddalardan başga galan arassa 4,5 milliard kub metr harytlyk gaz ýangyç hökmünde peýdalanmak üçin geçiriji ulgamlara akdyrylýar.
Prezident Mun Çže In kärhananyň tehniki we tehnologiki üpjünçiliginiň derejesine ýokary baha berip, Türkmenistanyň energetika toplumynyň köp ugurlary boýunça öňde barýandygyny nygtady. Koreýa Respublikasynyň Baştutany gazhimiýa pudagynyň ägirt uly kärhanasynyň işi bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, iki ýurduň nebitgaz ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegi üçin hemme şertleriň bardygyny belledi.