23-nji maýda
Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça
Türkmen-ýapon komitetiniň 13-nji mejlisi geçirildi, oňa gatnaşmak üçin türkmen
paýtagtyna «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň wise-prezidenti Ýoiçi
Kobaýaşiniň ýolbaşçylygynda Ýaponiýanyň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň hem-de işewürler düzümleriniň wekilleriniň uly topary
türkmen paýtagtyna geldi. Mejlisiň işine türkmen tarapyndan esasy
ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de ýurdumyzyň işewürler
toparlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.