31-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň türkmen tarapynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň bu komitetiň ýapon tarapynyň başlygy, Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşine ýokary baha berdiler. Ýokary derejedäki saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösüşini kesgitleýändigi bellenildi.
Iki döwletiň söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Taraplar häzirki wagtda amala aşyrylýan taslamalary seljerdiler hem-de nebitgaz, gazhimiýa we gaýtadan işleýän senagat pudaklaryndaky, ulag hem-de beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.