milli goshun logo
«Ýigrimi ýyl hereketde!»
«Ýigrimi ýyl hereketde!»
17.04.2019 643 Habarlar

16-njy aprelda Daşary işler ministrliginiň binasynda Aşgabatda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) merkeziniň açylmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi. Bu senäniň baýram edilmeginiň çäklerinde guralýan çäreler «Ýigrimi ýyl hereketde!» şygar astynda geçirilýär.

Maslahata halkara guramalaryň — BMG-niň, ÝB-niň, ÝHHG-niň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary hem-de ýurdumyzyň birnäçe edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.

ÝHHG-niň Baş sekretary Tomas Greminger, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Lýubomir Frebort, Slowakiýanyň ÝHHG-niň ýanyndaky hemişelik wekiliýetiniň birinji kätibi Tomaş Biçan we beýlekiler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň Ýewropa sebitiniň döwletleri hem-de halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşýan goşandy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler.