milli goshun logo
ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi Bütindünýä Söwda Guramasyna gatnaşyjy döwletleriniň hukuklary we borçnamalary boýunça maslahat geçirýär
ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi Bütindünýä Söwda Guramasyna gatnaşyjy döwletleriniň hukuklary we borçnamalary boýunça maslahat geçirýär
04.09.2020 747 Habarlar

2-nji sentýabrda Aşgabat şäherinde ÝHHG tarapyndan guralan «Bütindünýä Söwda Guramasynda agzalygyndan gelip çykýan mümkinçilikleri we borçnamalary: ÝHHG gatnaşyjy döwletleriň tejribeleri» atly üç günlik onlaýn maslahat öz işine başlady.

Maslahatyň esasy maksady BSG-na goşulmak boýunça gepleşikleriň geçirilmeginde ÝHHG gatnaşyjy döwletleriniň tejribelerini öwrenmekden, şeýle hem milli söwda syýasatyny has-da kämilleşdirmek üçin indiki ädimlere goldaw bermekden ybaratdyr.

Çäräniň dowamynda gruziýaly halkara bilermenler öz ýurtlarynyň BSG-na agza bolmagy bilen bagly tejribeleri we bu Guramanyň çäklerindäki borçnamalarynyň ýerine ýetirilşi dogrusynda gürrüň bererler. Çernogoriýadan gatnaşýan birlemen bolsa öz ýurdunuň BSG-da agzalygy we gepleşikleriň geçirilişiniň barşyny giňişleýin beýan eder.  BSG-nyň wekili Guramanyň gurluşy, wezipeleri we onuň agzalygyna kabul edilşi baradaky çözgütleriň esasy ýörelegeleri barada gürrüň berer.