milli goshun logo
YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen biragyzdan Kararnama kabul edildi
YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen biragyzdan Kararnama kabul edildi
5 sagat öň 18 Habarlar

Şu ýylyň 21-22-nji iýunynda Türkmenistanyň wekiliýeti Stambulda geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Duşuşygyň çäklerinde syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylmy ugurlary öz içine alýan möhüm meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy.

Duşuşygyň gün tertibinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlarda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmek, döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly meselelere aýratyn orun berildi. Türkmenistanyň wekili forumda eden çykyşynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, guramanyň ähli agza döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary güýçlendirmegiň ýurduň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýändigini belledi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmeginiň Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrundaky işleriniň ykrarnamasynyň aýdyň beýanyna öwrülendigi nygtaldy.

22-nji iýunda geçirilen YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 51-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň giňişliginde we bütin dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde we berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny hakynda» Kararnama biragyzdan kabul edildi. Resminamada syýasy-hukuk guraly hökmünde bitaraplygyň halkara hem-de sebit durnuklylygyny berkitmäge ýardam edýändigi, döwletleriň arasynda parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm orny eýeleýändigi nygtalýar. YHG-nyň meýdançasynda bu Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň özara ynamy berkitmäge, dialogy ilerletmäge, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen parahatçylyk döredijilikli syýasy strategiýasynyň halkara jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilýändiginiň we goldanylýandygynyň aýdyň güwäsidir.