Düýn – 3-nji aprelde «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-diplomatik ugurda has işjeň häsiýeti bilen tapawutlanýar. «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr. Ýewropa Geňeşiniň Başlygy ýakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Aşgabatda geçirilen duşuşygynyň ähmiýetini belläp, ýokary derejeli bu çäreleriň iki sebitiň arasyndaky köpugurly, uzak möhletli hyzmatdaşlygy yzygiderli ilerletmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.