14-nji
oktýabrda geçirilen iş maslahatynda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy
D.Saburow ýolbaşçylyk edýän ulgamynda geçirilýän işler, şeýle hem Ýewropanyň
Awiasiýa howpsuzlygy agentligi (EASA) tarapyndan uçuşlaryň howpsuzlygynyň üpjün
edilişine geçirilen gözegçilik işleri boýunça taýýarlanan maglumat barada
hasabat berdi.
Geçirilen barlaglaryň
jemleri boýunça ýurdumyzyň baş «howa derwezesi» — Aşgabadyň Halkara howa
menzili Türkmenistanyň ulag ulgamynda ähli babatda nusgalyk toplum diýlip ykrar
edildi. Onuň önümçilik kuwwatlyklarynyň uly ätiýaçlyklary bolup, daşalýan
ýükleriň möçberini we gatnadylýan ýolagçylaryň sanyny artdyrmaga mümkinçilik
berýär.
D.Saburow
EASA-nyň bilermenleri tarapyndan geçirilen barlagyň netijeleriniň Aşgabadyň
Halkara howa menziliniň awiasiýa howpsuzlygynyň dünýä ölçeglerine kybap
gelýändigini tassyklandygyny habar berdi.
Döwlet
Baştutanymyz «Türkmenhowaýollary» agentliginiň hojalyk hasaplaşygynda
işleýändigini nazara almak bilen, wise-premýer B.Öwezowa agentligiň
ýolbaşçylary bilen Ýewropa Bileleşiginiň şäherlerine dürli ugurlar boýunça
gatnawlary amala aşyrmak meselesini düýpli öwrenmegi tabşyrdy.
Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işlere toplumlaýyn
esasda çemeleşmek arkaly Ýewropa döwletleriniň şäherlerine uçuşlary amala aşyrmak
meselesini düýpli öwrenmek üçin iki aý möhlet berip, «Türkmenhowaýollary»
agentliginiň başlygyna degişli meýilnamany taýýarlamak barada anyk tabşyryklary
berdi. Döwlet Baştutanymyz şunda ýolagçylar üçin hem ähli amatlyklaryň
döredilmelidigine ünsi çekdi.