milli goshun logo
Ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli aýdym-saz sowgady
Ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli aýdym-saz sowgady
28.12.2018 3070 Habarlar

Paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” şygary astynda geçjek Täze, 2019-njy ýyla bagyşlanan aýdym-sazly dabara boldy.

Konsertde belli sungat ussatlary bilen birlikde ýaş ýerine ýetirijiler hem çykyş etdiler. Olar uly baýramçylyklara döredijilik sowgatlaryny taýýarlamak däbine eýerip, tomaşaçylara özleriniň özboluşly aýdym-sazly çykyşlaryny hödürlediler.

Konsert maksatnamasyna häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, ajaýyp zamanada gazanylýan üstünlikleri wasp edýän, tomaşaçylara giňden mälim bolan söýgüli aýdym-sazlar girizildi. Şol üstünlikler bolsa türkmenistanlylary Täze ýylda, geljekde ýagty umyt-arzuwlara ruhlandyrýar.

Dabaranyň barşynda sahnadan ýetip gelýän baýramçylyk mynasybetli hoşniýetli arzuwlar we gutlaglar, halkymyzyň abadançylygy, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagy barada ýadawsyz alada edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri ýaňlandy.

Joşgunly Täze ýyl aýdymlary köpöwüşginli çykyşlar estrada äheňleri bilen dowam etdirildi. Türkmenistanyň halk artisti Sahydursun Hojakowa “Geldi Täze ýyl” aýdymy ýerine ýetirmek bilen baýramçylyk konsertiniň şowhunyny artdyrdy. Şeýle hem aýdymçy zenanyň Nurýagdy Rejebow bilen bilelikde “Söýginiň güýji” hindi aýdymyny ýerine ýetirmegi tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Döwlet tans topary hem-de “Näzli” topary häzirki zaman hem-de etnografik äheňli horeografik çykyşlary bilen tomaşaçylary begendirdiler.

Konsertiň ahyrynda Türkmenistanyň halk artisti Annaguly Myratdurdyýew diňleýjileriň şowhunly el çarpyşmagynda “Jan Watanym Türkmenistan!” aýdymy ýerine ýetirdi.

Bu köp öwüşginli aýdym-saz baýramçylygy gaýtalanmajak jadyly Täze ýyl ertekisi ýaly, tomaşaçylaryň ýadynda we kalplarynda uzak wagtlap galar.

Gyşky oýunlar sport toplumynda baýramçylyk dabaralary 28-nji we 29-njy dekabrda hem geçiriler.