9-njy aprelda Ahal
welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garagan obasynda gazbeton önümlerini öndürýän
zawodlar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu toplum hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan Türkmenistanda daşary ýurtlardan
getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilik baradaky maksatnamanyň çäklerinde
guruldy.
180 müň kub metr gazbeton önümlerini hem-de 70 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän döwrebap senagat toplumy hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ukyply kärdeşler» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan guruldy. Täze desga Germaniýanyň şu ugurda ýöriteleşdirilen «Wehrhahn GmbH» kompaniýasynyň iň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edildi.
Täze zawodda ýuwlan çägäni, gury gurluşyk galyndylaryny hem-de gazbeton toplumlaryny öndürmek boýunça doly awtomatlaşdyrylan bölümler guruldy. Şol önümleri taýýarlamak üçin ýerli çig mal — sement, kwarsly çägeli, üwelen gips hem-de ýakylmadyk hek ulanylar. Desga ýerli çig maldan gurluşyk serişdelerini öndürmek ulgamynda ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak bilen, gazbeton serişdelerini, olar üçin plastmassalary, keramiki plitalary, daşky we içerki timar üçin suwaglary we beýleki önümleri öndürer.
Bu önümçiligiň artykmaçlygy onuň üçin zerur bolan çig malyň ählisiniň diýen ýaly Türkmenistanda bardygydyr. Kwars çägesi, sement, hek we gips ýeterlik möçberde ýurdumyzyň ýataklaryndan hem-de kärhanalaryndan gelip gowuşýar.