Düýn geçirilen
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Meredow «Türkmengeologiýa»
döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilýän geologiýa-gözleg işleri, şol sanda
ýerasty süýji suwlary gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi. Şunuň bilen baglylykda, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çäklerinde
ýüze çykarylan hem-de 2018-nji ýylyň ahyrynda «Halaç-II» ýerasty suw ýatagy
hökmünde bellige alnan agyz suw ýatagy barada habar berildi. Umumy meýdany 58,7
inedördül kilometre deň bolan bu ýatagyň suw bilen üpjün etmek mümkinçiligi bir
gije-gündizde 30 müň kub metrden gowraga ýa-da bir sekuntda 348 litre deňdir.
Ol ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün eder.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, geologlaryň işiniň möhüm ugry hökmünde
gidrogeologik gözleglere aýratyn üns bermegi tabşyrdy.