19-njy martda geçirilen göni wideoaragatnaşyk
arkaly iş maslahatynda Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine 21-nji
martda geçiriljek ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün
edilmelidigine ünsi çekdi. Bu ugurda zerur taýýarlyk işleriniň görülmelidigine,
welaýatlarda bag nahallaryny ekmek bilen bir hatarda, ozal bar bolanlaryna
zerur bolan ideg işleriniň alnyp barylmalydygyny we bu işleriň yzygiderli
gözegçilikde saklanylmalydygyny tabşyrdy.
Şol bir wagtyň özünde hormatly Prezidentimiz welaýatlarda ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleriniň, sebitleriň ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara laýyk derejede ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu işleriň geljekki bol hasylyň girewidigini belläp, bu babatda meýilleşdirilen çäreleriň öz möhletinde guralmagynyň wajypdygyny aýtdy.