milli goshun logo
«Ýaşyl» tehnologiýalar - halk hojalyk toplumyny ösdürmekde ileri tutulýan ugur
«Ýaşyl» tehnologiýalar - halk hojalyk toplumyny ösdürmekde ileri tutulýan ugur
15.04.2020 756 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşky gurşawy goramak hem-de bu ugurda abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ulgamynda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmek boýunça ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işleriniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine gönükdirilen Buýruklara gol çekdi.

Mälim bolşy ýaly, Watanymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalary bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meseleleri hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda tebigaty goramak hem-de tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda uly işler geçirilýär, degişli kanunçylyk kämilleşdirilýär. Türkmen tebigatynyň ajaýyp künjekleri döwlet goraghana çäklerinde ygtybarly goralýar.

Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu ulgamda sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygynda işjeň orny eýelemek hem-de BMG-niň binýat goýujy tebigaty goraýyş boýunça ylalaşyklaryny tassyklamak bilen, möhüm ekologiýa meseleleriniň oňyn çözgüdine, öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine çynlakaý hem-de jogapkärli çemeleşýär.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda suw we energiýa serişdelerinden rejeli peýdalanmak, çölleşmäge we topragyň zaýalanmagyna garşy göreş babatynda toplumlaýyn işler geçirilýär, munuň özi öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, obasenagat toplumynyň uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek esasynda suw we oba hojalyk pudagyny okgunly ösdürmek bilen baglylykda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda şeýle hem şäherleriň we ilatly ýerleriň durnukly ösüşine aýratyn üns berilýär.

Ýokarda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, birnäçe degişli resminamalara gol çekilmegi bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen tebigaty goramak boýunça Mihael Zukkow gaznasynyň (Germaniýa Federatiw Respublikasy) arasynda «Çöller boýunça Merkezi Aziýa başlangyjy (СADI) — Türkmenistanyň çöllerini gorap saklamak we durnukly peýdalanmak» atly taslamany bilelikde ýerine ýetirmek boýunça taslama Ylalaşygyna üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnamany görkezmek bolar.

2019-njy ýylda badalga berlen bu taslama “Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghanasynyň, Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň milli we halkara ylmy bilermenleriniň bilelikde gatnaşmagynda amala aşyrylýar.

Onuň baş maksady Türkmenistanyň çölleriniň biologiýa dürlüligini saklamaga, özboluşly howa şertleri bolan we ajaýyp ösümlik hem-de haýwanat dünýäsine eýe bolan Garagum sährasynyň eko ulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin ylmy-tehniki aýratynlyklary taýýarlamaga, bilelikdäki meýdan işlerini geçirmäge, bar bolan goraghanalaryň işgärlerini okatmaga ýardam bermekden ybaratdyr.

Ägirt uly giňişlikleri we täsin tebigy aýratynlyklary bolan Garagum sährasy ýurdumyzyň esasy tebigy ajaýyplyklarynyň biri bolup durýar.

Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýyna yzygiderli üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň baý ösümlik we haýwanat dünýäsiniň saklanmagynyň, onuň geljek nesillere ýetirilmeginiň, eko ulgamyň gaýtalanmajak aýratynlyklaryny ulgamlaýyn esasda mundan beýläk-de ylmy taýdan öwrenmegiň, abraýly halkara guramalary we düzümleri bilen bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak arkaly ýola goýulýan hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň wajypdygyny belleýär.

Milli Liderimiz çölleşmä garşy göreşmegi, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmagy, şorlaşan ýerleri dikeltmegi, oba hojalyk önümçiliginde täzeçil tehnologiýalary ulanmagy möhüm ugurlaryň hatarynda görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky «Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş-ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek» atly taslama boýunça 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy pudagyň öňünde durýan wezipeleriň çözgüdine gönukdirilendir.

Bu taslama oba we suw hojalygy strategiýasyna howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, pudagyň milli mümkinçiliklerini pugtalandyrmak, pudaklaýyn önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýerlerde obasenagat düzümleriniň işini gowulandyrmak boýunça çärelere goldaw bermek, pudakdaky tebigy töwekgelçilikleriň täsirini peseltmek boýunça çäreleriň ornaşdyrylmagyny öz içine alýar.

Şeýle hem onuň çäklerinde daşary ýurtly hünärmenleri çekmek arkaly oba hojalyk önümçiliginiň birnäçe ugurlary boýunça onlaýn — geňeşmeleri guramak göz öňünde tutulýar. Taslamanyň amala aşyrylmagynyň çäklerinde toplanan tejribe ony ýaýratmak üçin teklip ediler.

Şunuň bilen baglylykda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ekologiýa ulgamy boýunça ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň gatnaşygy ýola goýmak arkaly ýurdumyzyň howanyň üýtgemegi babatda oýlanyşykly çäreleri işläp taýýarlamaga gatnaşýandygyny bellemeli.

Şeýlelikde Türkmenistan BMG agza döwletleriň içinde ähli önümçilik işleriniň ekologiýa howpsuzlygy ölçeglerine tapgyrlaýyn esasda geçirilmegini nazarda tutýan howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýany kabul eden ilkinjileriniň biri bolup durýar. Geçen ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu Milli strategiýanyň rejelenen görnüşini tassyklady. Şeýlelikde ýurdumyzda howanyň täsirine garşy durmagy meýilleşdirmek boýunça işiniň nobatdaky tapgyryna girişildi.

Häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde utgaşdyryjy halkara tagallalarynyň ählumumy işlerine goşulýan Türkmenistan umumy işe özüniň mynasyp goşandyny goşmaga örän jogapkärçilikli çemeleşýär.

Döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän birnäçe anyk başlangyçlary, şol sanda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak hakyndaky we döwrüň talaby esasynda zerur bolan beýleki teklipler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky «Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi» atly taslama boýunça 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna gol çekilmegi şäherleri meýilnamalaşdyrmakda hem-de dolandyrmakda öňdebaryjy tejribeleriň işjeň ornaşdyrylmagyna gönukdirilendir.

Bu taslama energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, durnukly ulag, ýaşyl tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy, şol sanda gurluşykda ulanylmagy, ekologiýa syýahatçylygynyň ösdürilmegi, şeýle hem galyndylary dolandyrmak, olary gaýtadan işlemek hem-de galyndy çig mallaryny peýdalanmak ýaly ulgamlarda möhüm wezipeleriň çözülmegine ýardam berer. Munuň özi ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek hem-de Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatynda taslamanyň ähmiýetini şertlendirýär.

Şeýlelikde, bu taslama hem-de hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda durmuşa geçirilýän şähergurluşyk we ekologiýa strategiýalary DÖM № 11-iň üstünlikli ýerine ýetirilmegi – şäherleriň we ilatly ýerleriň açyklygyny, howpsuzlygyny, durmuş durnuklylygyny hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek üçin ygtybarly binýat döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky «Türkmenistanda suw hojalygyny durnukly dolandyrmak üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa we energiýanyň netijeliligi» atly taslama boýunça şu ýyl üçin Iş meýilnamasyna gol çekilmegi bilelikdäki taslamanyň yzygiderli durmuşa geçirilmegine ýardam berer.

Bu taslamanyň maksady suw serişdeleriniň dolandyrylmagyna, energiýa we suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ýerlerde ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna toplumlaýyn çemeleşmäni öňe sürmekden ybaratdyr.

Taslama energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmak arkaly ýeterlik derejede hem-de ekologýa taýdan durnukly suw üpjünçiliginiň döredilmegine, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüniň alynmagyna, suw serişdelerini dolandyrmak bilen baglanyşykly bug gazlarynyň zyňyndylarynyň azaldylmagyna gönükdirilendir.

Ýerleriň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin energiýa netijeliligi ýokary bolan suw sorujy enjamlaryň peýdalanylmagy bu taslamanyň ugurlarynyň biridir, ol energiýanyň sarp edilişini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär, munuň özi suwarymly ekerançylyk meýdanlarynda hem-de agaç nahallary suwarylanda bu usulyň ulanylmagynyň ykdysady we ekologiýa babatynda maksada laýyklygyny şertlendirýär.

Häzirki wagtda ekologiýa taýdan howpsuz, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň peýdalanylmagyna esaslanýan innowasiýa häsiýetli tehnologiýalaryň işlenip taýýarlanylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň ylmynyň öňünde goýlan möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendir.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şeýle tehnologiýalar ekologiýa taýdan arassa bolmagyndan başga-da uzak wagtlaýyn işlemäge ukyplylygy ýaly ýene bir düýpli artykmaçlyga eýedir, bu bolsa tebigy serişdeleriň hakykatda çäklendirilmedik «gorlary» bilen şertlendirilendir. Mundan başgada olaryň önümçilige giňden ornaşdyrylmagy howanyň üýtgemegi ýaly häzirkizamanyň ählumumy meselesini oňyn çözmäge ýardam berer.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň gol çeken, bilelikdäki taslamalaryň birnäçesiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen Buýruklary ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeleriň amala aşyrylmagyna, dürli ulgamlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine ýardam berer.

Şeýlelikde, ykdysadyýetiň we ekologiýanyň özara baglanyşygy kesgitleýji ähmiýete eýe bolýar. Bu konsepsiýa senagatyň ösdürilmeginiň daşky gurşawa hojalygy dolandyrmagyň oýlanyşykly usullaryna, önümçilikleriň ylmy taýdan guralyşyna hem-de ekologiýa oňaýsyz täsir etmelerden gaça durmaga mümkinçilik berýän öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmaga ýaramaz täsiriniň gutulgysyzlygy baradaky pikire garşy durýar.

Ýurdumyzda senagatyň depginli ösdürilýändigine garamazdan, Türkmenistandaky durnukly ekologik ýagdaý şol maksada ýetmegiň nusgasy bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyna laýyklykda daşky gurşaw babatda hereketleriň oýlanyşyklylygy bilen oba hojalyk önümleriniň, ýurdumyzyň azyk önümçiliginiň derejesiniň arasyndaky özara baglanyşyk hem aýdyňdyr.

Şeýle hem Türkmenistan öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz eýerýär. Ýurdumyzda howa aralaşýan bugarma gazlarynyň hasaby ýöredilýär, howanyň üýtgemegi hasaba alynýar, beýleki barlag işleri geçirilýär.

Ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatynyň ýokarlanmagy, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň, awtoulag we gurluşyk, himiýa senagatlarynyň, jemagat hojalygynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça ýurtda geçirilýän giň gerimli işler hem daşky gurşawa ýaramaz tehnogen täsiri kemeltmäge ýardam edýär.

Ykdysadyýetiň pudaklarynda döwrebap, ekologik nukdaýnazardan has kämil tehnologiýalar ornaşdyrylýar, şeýle hem howanyň arassalygyna hem-de daşky gurşawyň ýagdaýyna gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, ekologik standartlar hem-de gurulýan zawodlara, fabriklere, kärhanalara, ýaşaýyş-raýat desgalarynyň gurluşygyna bildirilýän talaplary kämilleşdirmek maksadynda çäreler görülýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekologik syýasatynyň many-mazmuny onuň netijeliliginiň ykdysady ulgamyň özgermeginde jemlenip, önümçilik ulgamynyň tebigatyň bäsdeşi däl-de, tarapdary we daýanjy bolmagyndan ybaratdyr.

Beýleki tarapdan, ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän ekologik çäreler milli ykdysadyýetimiziň ösmeginiň täze şertine, halk hojalygynyň geriminde tebigatdan peýdalanmagyň düýbünden täze nusgasyna geçmek üçin binýada öwrülýär.

Emma Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty diňe tehnokratik çemeleşme bilen çäklenmeýär, eýsem-de, jemgyýetiň sazlaşygyny, onuň ruhy-ahlak terbiýesini hem-de raýatlylygyň, ýokary medeniýetiň we tebigata paýhasly-jogapkärçilikli garamagyň berkarar bolmagyny özünde jemleýär.

Ekologiýa meseleleriniň çözgüdini gözlemek dünýä ösüşi üçin birleşdiriji başlangyja öwrüldi. Şunda durmuş gymmatlyklaryna gaýtadan seretmek, şahsyýet özüni ýeke-täk dünýä jemgyýetçiliginiň agzasy hökmünde akyl ýetirýän ählumumy, köpugurly aňyýetiň kemala gelmegi baradaky mesele orta çykýar.

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ileri tutulýan meseleleriniň biri hökmünde ekologiýa diplomatiýasyny tassyklap, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara gatnaşyklar ulgamynyň ynsanperwerleşdirilmeginiň we ekologiýalaşdyrylmagynyň, olaryň ahlak gymmatlyklary bilen galkynmagynyň wajypdygyna aýratyn üns berip, hut ynsan ömrüniň gymmatlylygyny ilkinji orna çykarýar.