Düýn – 1-nji iýunda Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular
geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa gaznanyň wise-prezidenti, Ýaşulular geňeşiniň
ýurdumyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň gün
tertibine haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly
Pyragy» ýylynyň geçen döwründe alnyp barlan işler, gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular
geňeşiniň ýerine ýetirýän işleri bilen bagly möhüm meseleler girizildi.
Mejlisiň barşynda edilen çykyşlarda türkmen
halkynyň Milli Lideriniň taýsyz tagallalary, hemaýatlary, goldawlary we
howandarlygy bilen çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň sazlaşykly
ösmegi, şol sanda haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri netijesinde olar
üçin hemme mümkinçilikleriň döredilýändigi nygtaldy. Şeýle-de mejlisde degişli
döwürde gaznanyň alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi.