15-nji
fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer
B.Abdyýewa milli Liderimiziň medeniýet edaralarynyň, jemgyýetçilik
guramalarynyň hem-de syýasy partiýalaryň öňünde goýan wezipelerini ýerine
ýetirmegiň meýilnamasynyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Bu
resminamada döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda ýaşlaryň arasynda
wagyz-nesihat çärelerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň
maksady hem-de wezipeleri, syýasy partiýalaryň orny barada teleradio
gepleşikleri, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikleri, ösüp gelýän
nesilleriň ukybyny we zehinini açmaga gönükdirilen çäreleri guramak göz öňünde
tutulýar.
Meýilleşdirilýän
çäreleriň hatarynda hormatly Prezidentimiziň düýpli işleriniň we çeper
eserleriniň terbiýeçilik ähmiýetine bagyşlanan duşuşyklary geçirmäge hem-de
ruhy-ahlak, maddy we medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy, sagdyn
durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge aýratyn orun berilýär. Mundan başga-da,
teatrlarda goýulýan oýunlaryň gerimini giňeltmek hem-de täzelemek, muzeýleriň
gymmatlyklaryny köpeltmek, oba we şäher kitaphanalaryny internet ulgamy bilen
üpjün etmek, medeniýet işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça
işleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaş nesli watançylyk we ynsanperwerlik, şöhratly ata-babalarymyzyň asylly däplerine hem-de gadymy mirasyna sarpa goýmak ruhunda terbiýelemegiň ýurdumyzy ösdürmek strategiýasynyň esasy maksatlarynyň biridigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek, onuň many-mazmunyny hemmetaraplaýyn baýlaşdyrmak üçin zerur şertleriň döredilmegine uly üns berilýändigini aýdyp, bu ulgamda dünýä derejesindäki üstünlikleri gazanmak boýunça amala aşyrylýan giň möçberli işleriň ähmiýetine ünsi çekdi.