milli goshun logo
Ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça bäsleşik geçirildi
Ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça bäsleşik geçirildi
16.04.2021 1786 Habarlar

Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilelikde «Sanly innowasiýa» atly ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça bäsleşigini yglan etdi. Ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça yglan edilen «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşigi 2021-nji ýylyň 13-15-nji aprelinde «Sanly çözgüt IT-meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirildi.

«Innowasion şäher», «Sanly bilim», «Söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça IT-taslamalar», «Ýörite ugur», «Maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk» atly bäş sany tematik ugurlara bölünip geçirilýän bu bäsleşige ýurdumyzyň mekdep okuwçylary, başlangyç, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, magistrantlar, ýaş alymlar (aspirantlar, dalaşgärler) 125 sany taslama we programma üpjünçilikleri bilen gatnaşýarlar. Bäsleşige hödürlenýän programma üpjünçilikleriniň, taslamalaryň Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web-saýty bolan «education.gov.tm» saýtynda hasaba alynandygyny bellemeli.