Halkymyzyň baý
medeni mirasyny saklamak, dikeltmek, öwrenmek we artdyrmak, milli
gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy, maşgala edebini giňden wagyz etmek
arkaly sagdyn, ýokary ahlakly, bilimli, watansöýüji ýaş nesiller üçin
maksatnamalaýyn işler yzygiderli amala aşyrylmalydyr. Bu barada hormatly Belent
Serkerdebaşymyz 26-njy fewralda hökümet agzalary, ministrlikleriň, edaralaryň
we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen döwlet
ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmak
boýunça maslahatynda aýtdy.
Berkarar
döwletiň bagtyýarlyk döwründe şöhratly ata-babalarymyzyň asyrlarboýy
nesilden-nesle geçirip gelen Watan goragyna hemişe taýýar bolmak babatyndaky
milli ýörelgesi ýaşlaryň arasynda mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Belent
Serkerdebaşymyzyň «Ýaşlara Watan diýen düşünjäniň mukaddesdigini düşündirmeli,
ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemeli» diýip
nygtaýşy ýaly, ýaş nesilleriň terbiýesine, döwür bilen sazlaşykly milli ruhda
kemala gelmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Olaryň ylym-bilimden ýüki ýetik,
ukyp-başarnykly, hünärli nesiller – ýurduň geljekki eýeleri bolup ýetişmegine
aýratyn üns berilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz harby bilimiň, harby
gullukçylaryň hünär başarnyklarynyň kämilleşdirilmegi ugrunda taýsyz
tagallalary amala aşyrýar. Diňe goranmak häsiýetli harby doktrinamyzy amala
aşyrmakdaky möhüm işleriň ählisi pederleriň arzuwlan ýurduny berkarar etmeklige
gönükdirilendir. Kämil harby bilimi, hünäri ele alan, syýasy taýdan sowatly,
giň dünýägaraýyşly, ukyp-başarnykly ýurt goragçylary bolsa, berkarar
Watanymyzyň ygtybarly goragynyň kepili bolup durýar.
Döwlet
Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ylym-bilim, ösen tehnologiýalar
bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlar ýüze çykarylyp, olaryň ukyp-başarnyklaryny
açmak üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz her bir
çykyşynda ýaşlara sagdyn durmuş kadalaryny ündemek, belent ahlak
gymmatlyklaryny wagyz etmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, milli
medeniýetimizi ösdürmek bilen bagly işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny
belleýär. Şol nukdaýnazardan ýaşlaryň Garaşsyz Watanymyza, merdana halkymyza we
şöhratly taryhymyza buýsanjy, ylym-bilime höwesi has-da artýar.
Häzirki wagtda
ýaşlarda watansöýüjiligi terbiýelemekde, okuw-terbiýeçilik işiniň pedagogik
prosesinde türkmen milli däp-dessurlaryny ulanyp, watansöýüjiliginiň derejesini
ýokarlandyrmaga gönükdirilen işler Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde hem
giňden alnyp barylýar. Harby bölümlerde harby gullukçylar bilen watançylyk,
harby borç ýaly mowzuklar boýunça wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli
geçirýärler.
Milli
goşunymyzyň ähli harby bölümlerinde harby gullukçylaryň medeniýetli dynç almagy
we öz-özüni kämilleşdirmegi üçin gerekli bolan şertler döredilýär.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde ýöriteleşdirilen ylmy, sport, döredijilik
bölümçeleri hem hereket edýär. Bu bölümçelerde esgerleriň öňünde söweşjeň
taýýarlyk bilen bir hatarda ylmy işleri bilen meşgullanmaga, ýurdumyzda we
daşary ýurtlarda geçirilýän iri sport bäsleşiklerine gatnaşmaga giň
mümkinçilikler açylýar.
Şunlukda,
milli goşunymyz çagyryş boýunça harby gullugy geçýän ýetginjekleriň öz tebigy
zehinlerini açmaga we giňden peýdalanmaga ähli zerurlyklaryň döredilen ýeri
bolup durýar.
«Milli goşun».