milli goshun logo
Ýaş zehinler — türkmen ylmynyň geljegi
Ýaş zehinler — türkmen ylmynyň geljegi
13.06.2019 660 Habarlar

12-nji iýunda şanly sene — Ylymlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maslahatlar zalynda ýaş alymlaryň arasynda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy boldy. Bäsleşik Ylymlar akademiýasy hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan bilelikde guraldy.

Emin agzalary hödürlenen ylmy işleriň wajyplygy, ylmy taýdan täzeçilligi, iş ýüzünde durmuşa geçirmek we önümçilige ornaşdyrmak zerurlygy nukdaýnazaryndan bäsleşigiň ýeňijileriniň 36-syny kesgitlediler.

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan taýýarlanylan «Bagtyýarlyk döwrüniň ýaş alymlarynyň ylmy gadamlary» atly ýygyndynyň nobatdaky goýberilişinde şu gezekki ylym bäsleşiginiň ýeňijileriniň işleriniň netijeleri bilen tanyşmak bolýar.