Şu gün ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde, şol sanda
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerinde «soňky
jaň» kakyldy.
Watan goragçylary bolup ýetişjek ýigitlerimiziň
uçurym dabaralary Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky, Alp Arslan adyndaky, Soltan
Sanjar adyndaky 1-2-3-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerinde bolup geçdi. Hormatly
Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy, ilhalar ynsan, ussat mugallym Berdimuhamet
Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň uçurym dabarasynyň paýtagtymyzdaky
Konstitusiýa binasynyň öňünde geçirilmegi aýratyn mana eýedir.
Ykjam we tämiz ak harby lybas geýinen harby
okuwçylar soňky gezek öz deň-duşlary bilen nyzama durdular. Mundan beýläk olara lybaslary ýaly
aklyga beslenen durmuş ýollary we ýagty ykballar garaşýar. Ýöne olaryň ählisem birmeňzeş
mukaddeslige – Watan goragyna bagly bolarlar.
– Meniň maşgalamda özüni harby
durmuşa baglanlar ýokdy, emma men çagalyk ýyllamdan bäri harby lybasyny geýmegi,
Watanyma gulluk etmegi we jana-jan topragymy goramagy arzuw edýärdim – diýip,
biziň habarçymyza Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň
uçurymy Guwanç Annaýew aýtdy.
– Şu günki gün biz üçin örän
tolgundyryjy gün. Şu arzyly güne ýetmek üçin 4 ýyllyk okuwy üstünlikli geçdik.
Indem bize öwrenen zatlarymyzy amal edip, durmuşda dowam edäýmek galýar.
Ýigitler dogurdanam, köp zatlar öwrendi.
Olaryň ýerine ýetiren nyzam ýörişleri gulaklarda ýaňlandy durdy. Birlikde eden
deň we sazlaşykly hereketleri dabara gelen köpsanly ene-atalary we myhmanlary
täsin galdyrdy.
– Ol agras we dogumly bolupdyr –
diýip, Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň
uçurymynyň ejesi Maral Aşyrowa buýsanç bilen aýtdy.
– Indi onda borjuna wepalylyk we jogapkärçilik duýgulary agdyklyk edýär. Men öz ogluma we şu ajaýyp harby mekdebiň ähli uçurymlaryna çyn ýürekden buýsanýaryn!
Uçurym dabarasynyň foto suratlaryny «Multimediýa» bölüminden görüp bilersiňiz!