Düýn – 25-nji martda paýtagtymyzda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň zenan ýolbaşçylary bilen duşuşygy boldy. Onda ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy, olaryň çeper döredijilige bolan ukyplaryny açyp görkezmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda alym Arkadagymyzyň milli bilim ulgamynda başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeli bolmaklary, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklary bilen baglanyşykly meseleleriň döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendigi aýdyldy.
Haýyr-sahawat gaznasy ösüp gelýän ýaş nesilleriň döredijilik ukyplaryny açmak ugrunda zerur tagallalary edýär. Şoňa görä, gaznanyň wise-prezidenti O.Atabaýewa ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny açyp görkezmekde wajyp ähmiýeti bolan bäsleşigiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine, gaznanyň ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän asylly işleriniň metbugat neşirlerinde, teleradioýaýlymlarda giňden wagyz edilmegini guramaga jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.