milli goshun logo
Ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemäge aýratyn üns beriler
Ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemäge aýratyn üns beriler
26.01.2019 1983 Habarlar

Düýn geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Goranmak ministri B.Gündogdyýewe ministrliginiň düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylarynyň harby gullukçylaryň harby hünäri birkemsiz ele almagy, harby düzgün-nyzamy berjaý etmegi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamalydygyny nygtady.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy terbiýeçilik işlerine aýratyn üns bermegi tabşyryp, ýaş esgerleriň taryhda öçmejek yz galdyran türkmen halkynyň beýik ogullarynyň we gaýduwsyz gerçekleriniň watansöýüjilik, mertlik, edermenlik, ygrarlylyk we agzybirlik ýaly häsiýetlerine eýerip, kasama wepalylygyň nusgasyny görkezmelidiklerini aýratyn nygtady.