milli goshun logo
Ýanwar – noýabr aýlarynda JIÖ-niň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy
Ýanwar – noýabr aýlarynda JIÖ-niň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy
07.12.2019 680 Habarlar

6-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow 2019-njy ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, on bir aýyň netijeleri boýunça halk hojalygy toplumynyň ähli pudaklarynda durnukly ösüş gazanyldy.

Hasabat döwrüniň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,3 göterime deň boldy.

Öndürilen önümleriň ösüş depgini 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,9 göterimden gowrak boldy.

Ýanwar — noýabr aýlarynyň jemleri boýunça ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 20,4 milliard manada, çykdajy bölegi bolsa 19,2 milliard manada deň boldy.

2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ortaça aýlyk haklarynyň möçberi 9,6 göterim ýokarlandy. Aýlyk haklarynyň we beýleki kömek pullarynyň ähli görnüşleri öz wagtynda we doly möçberde maliýeleşdirildi.