milli goshun logo
Ýanwar-maý aýlarynda öndürilen önüm 14,4 göterim artdy
Ýanwar-maý aýlarynda öndürilen önüm 14,4 göterim artdy
08.06.2019 582 Habarlar

6-njy iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow 2019-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda söwda toplumynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýerine ýetiren işleri barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň möçberi 24 göterim, şol sanda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 24,4 göterim, lomaý haryt dolanyşygynyň möçberi 23,6 göterim, öndürilen önümiň möçberi bolsa 14,4 göterim artdy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümleriniň öndürilişi 21,8 göterim, oba hojalyk hem-de azyk önümleriniň möçberi 4,9 göterim artdy.

Döwletimiziň goldaw bermegi netijesinde, daşary ýurtlara eksport edilen azyk harytlarynyň möçberi 26,2 göterim, azyk däl we senagat harytlarynyň möçberi 3,3 göterim ýokarlandy.