milli goshun logo
Ýanwar — mart aýlarynda ulag-kommunikasiýa ulgamynda 109,7 göterim ösüş depgini gazanyldy
Ýanwar — mart aýlarynda ulag-kommunikasiýa ulgamynda 109,7 göterim ösüş depgini gazanyldy
04.04.2020 797 Habarlar

3-nji aprelda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer B.Öwezow ýanwar — mart aýlarynda ulag-kommunikasiýa ulgamynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, garalýan döwürde onuň gözegçilik edýän toplumynyň düzümleri tarapyndan önümçilik meýilnamasy 111,5 göterim ýerine ýetirilip, 109,7 göterim ösüş depgini gazanyldy.

«Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 110,7 göterime, «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça 117 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 161,3 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 111,4 göterime barabar ösüş depgini üpjün edildi. Hasabat döwründe «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan hem degişli işler geçirildi.

Awtomobil, demir ýol, howa hem-de deňiz ulaglary boýunça ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda meýilnama, degişlilikde, 108,5 göterim hem-de 100,8 göterim berjaý edildi.