8-nji fewralda
geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer M.Meredow şu
ýylyň ýanwar aýynda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynda alnyp barlan
işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nebiti gaz kondensaty
bilen çykarmagyň meýilnamasy 103,2 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň
meýilnamasy 107,9 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň ösüş depgini 113,3
göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 101,3 göterim, dizel ýangyjyny
öndürmegiň meýilnamasy 108,8 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy
100,9 göterim, suwuklandyrylan gaz öndürmegiň meýilnamasy 110,6 göterim, maýa
goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 113,5 göterim ýerine ýetirildi.
Milli Liderimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz pudagynda täze sanly tehnologiýalaryň
ornaşdyrylmagynyň zerurdygy barada aýdyp, munuň geologiýa-gözleg işleriniň, has
çuň gatlaklarda ýerleşen ýangyç ýataklaryny işläp taýýarlamagyň, dowamly
ulanylýan känleriň netijeliligini artdyrmaga mümkinçilik berýändigini belledi.
Nebitgaz pudagyny innowasion taýdan ösdürmek, «düşbi guýularyň» we «sanly ýataklaryň» taslamalaryny hasaba almak bilen pudaklaýyn ylmy edaralaryň işiniň esasy ugurlarynyň birine öwrülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.