milli goshun logo
Ýanwar aýynda obasenagat toplumy boýunça ösüş depgini 110,4 göterime barabar boldy
Ýanwar aýynda obasenagat toplumy boýunça ösüş depgini 110,4 göterime barabar boldy
15.02.2020 786 Habarlar

14-nji fewralda geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda geçirilen işleriň jemleri, şeýle hem welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleri barada hasabat berdi.

Tutuşlygyna, obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň möçberiniň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 110,4 göterime barabar boldy.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 109,4 göterim, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 129,8 göterim hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 103,5 göterim derejesine ýetirildi. Maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 120,2 göterim berjaý edildi.