1-nji fewralda
geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Meredow
ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň 2018-nji ýylda ýerine ýetiren
işleriniň jemleri hem-de «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla
çenli ösdürmegiň maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi.
Nebiti we gaz
kondensatyny çykarmak boýunça görkezijiler, ýetilen sepgitler, şeýle hem
uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemekde, awtomobil benzinini, dizel
ýangyjyny, polipropileni, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy öndürmekde
gazanylan netijeler, «mawy ýangyjy» eksport etmegiň möçberleri barada habar
berildi.
Hususan-da,
nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,1 göterim, benzin öndürmegiň
meýilnamasy 100,3 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 103,9
göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100,7 göterim berjaý edildi.
2017-nji ýyl
bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgininiň
100,5 göterime, özleşdirilen maýa goýumlarynyň 102,1 göterime deň bolandygy
bellenildi.