Düýn – 8-nji aprelde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde sanly ulgam arkaly guralan saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumy öz işini tamamlady.
Geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu iki günlük forumyň şu ýyl möhüm senä – Bütindünýä saglyk gününe gabat gelendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ilatyň saglygyny goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyz saglygy goraýyş ulgamynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG-niň ugurdaş düzümleri we daşary ýurtlaryň iri lukmançylyk merkezleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Forumyň ahyrynda taraplar häzirki zaman lukmançylygynyň wajyp meseleleri boýunça geçirilen dialogyň netijeli häsiýetini belläp, bu pikir alyşmalaryň ilatyň saglygyny berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň we başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.