Türkmenistanyň
Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem-de döwlet ministri —
«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew Türkmenistan bilen Marokko
Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy maslahatlaşmalary
geçirmek we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp
maslahatlaşmak üçin, 2020-nji ýylyň 4 — 6-njy mart aralygynda Marokko
Patyşalygynda gulluk iş saparynda bolar.
Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Marokko Patyşalygyna gulluk iş saparynyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem milli Liderimiz Marokkonyň Patyşasyna halkara derejesinde bellenilýän Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak baradaky çakylygy gowşurmagy tabşyrdy.