3-nji iýunda Bütindünýä welosiped gününe
bagyşlanyp guralan dabaraly çärede alyp baryjy «Guinness World Records»
kompaniýasynyň resmi wekili hanym Şeýde Subaşi-Gemijä söz berdi.
Hanym Subaşi 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda
Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýöriş
geçirilip, dünýä rekordynyň täzelenendigini habar berdi.
Giň möçberli
welosiped çäresine gatnaşyjylar biri-biri bilen kesgitli aralykda bir hatara
düzüldiler we Olimpiýa şäherjiginiň daşyndan öwrüm edip, 3300 metr aralygy
geçdiler.
Aşgabatda 2019-njy ýylyň 3-nji
martynda Hindistanda goýlan rekord täzelendi. Ginnesiň rekordlar
kitabynyň resmi wekili we emin Şeýde Subaşi – Gemiji bellige aldy. Bu waka «Guinness
World Records» kompaniýasy tarapyndan bellige alyndy we degişli sertifikat
bilen tassyklanyldy. Ol sertifikat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan
guralan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralan dabarada gowşuryldy.