22-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde
wise-premýer D.Amangeldiýew «Aşgabat şäherinde Welosiped binasyny gurmak
hakyndaky» kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi
ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, Bütindünýä welosiped
gününe bagyşlanan bina Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda
oturdylar. Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan halkara bäsleşigiň
yglan edilendigi, bäsleşigiň netijeleri boýunça «Sport ýyldyzy» hususy
kärhanasyna desgany bina etmek ynanylandygy habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny Bütindünýä
welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi
mynasybetli oturdyljak binanyň taslamasynda halkymyzyň baý taryhynyň hem-de
häzirki gazanýan üstünlikleriniň şöhlelenmelidigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminama gol
çekip, geljekde paýtagtymyzyň nyşanlarynyň birine öwrülip, bu ajaýyp
heýkeltaraşlyk kompozisiýasynyň özünde oňyn kalby joşgunlylygy jemlemelidigini,
Türkmenistanyň belent döredijilik ruhuny, onuň ynsanperwer gymmatlyklara hem-de
halkara sport hereketine ygrarlydygyny, gülläp ösüşe we rowaçlyga ymtylyşyny
alamatlandyrmalydygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Karary elektron resminama dolanyşygy ulgamy boýunça onuň dessine ýerine ýetirilmegi üçin wise-premýere ugradyldy.