Düýn geçirilen
sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde
«Türkmenhowaýollary» gullugynyň başlygy D.Saburow ýolbaşçylyk edýän edarasynyň
işlerini kämilleşdirmek, hyzmatlaryň derejesini ýokarlandyrmak hem-de ähli
düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler
barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda ýolagçylara hem-de ýük
daşaýjylara howa menzillerindäki hyzmatlaryň tutuş toplumyny hödürleýän howa
menzilleriniň we düzümleýin desgalarynyň gurluşygy barada-da habar berildi.
Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň howa menzillerinde hödürlenilýän hyzmatlaryň ýokary
halkara ölçeglere doly laýyk gelmelidigini belledi. Täze tehnologiýalary
yzygiderli ornaşdyryp durmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda ýokary
tehnologiýaly elektron ulgamlaryny, howa tehnikalary hem-de raýat awiasiýasy
ulgamynyň tehnikalary üçin elektron ulgamlaryny işläp taýýarlamakda we
öndürmekde ýurdumyzyň öňden gelýän hem-de ygtybarly hyzmatdaşy bolan «Thales»
fransuz kompaniýasy bilen peýdaly innowasion işläp taýýarlamalar boýunça
tejribe alşyp durmak zerurdyr.
Milli
Liderimiz awia ulgamyny depginli ösdürmegiň möhümdigini belläp, welaýatlarda
täze howa menzillerini gurmak işini çaltlandyrmagy talap etdi we edaranyň
ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.