Watan
goragçylarynyň gününde Amyderýanyň boýundaky şäherde Lebap welaýatynyň Polisiýa
müdirliginiň işgärleri üçin niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş
dabarasy boldy.
«Lebapobataslama»
institutynyň binagärleri tarapyndan taslamasy düzülen ýaşaýyş jaý toplumy
welaýatyň dolandyryş merkeziniň günorta böleginde Zergär demirbeton önümleri
zawodynyň gurluşykçylary tarapyndan guruldy. 4 gatly jaýlaryň dördüsinden
ybarat bolan toplumda şu gün polisiýa işgärleriniň maşgalalary jaý toýlaryny
tutdylar.
Döwrebap
timarlaýyş serişdelerini peýdalanmak bilen gurlan bu jaýlaryň her biri 3 we 4
otagly öýlerden ybarat bolup, şolarda durmuş tehnikalary hem-de mebelleri bilen
üpjün edilen aşhanalar we eýwanlar guruldy.
Ýaşaýyş
topluma ýanaşyk ýerler doly abadanlaşdyryldy, şol ýerlerde çagalar üçin
niýetlenen hem-de sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, dynç alyş
zolaklary göz öňünde tutuldy.
Watan goragçylarynyň gününiň öň ýanynda Saýat, Hojambaz we Döwletli etraplarynda Türkmenistanyň Milli howpsuslyk ministrliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin edara jaýlarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly açylyşy boldy.