milli goshun logo
Watanymyzyň paýtagtynda täze binalaryň açylyş dabaralary
Watanymyzyň paýtagtynda täze binalaryň açylyş dabaralary
11.12.2020 744 Habarlar

10-njy dekabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli gurlup ulanmaga berlen binalaryň açylyş dabaralary boldy. Şäheriň Büzmeýin etrabynyň çäginde 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 23-si, 2 gatly kottej jaýlarynyň 9-sy, 600 orunlyk umumybilim berýän mekdep we köpugurly Söwda merkezi gurlup ulanmaga berildi.

Şäheriň Senagat köçesiniň ugrunda 32 öýli 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 20-sinden ybarat toplum ulanmaga berildi. Şeýle hem 4 gatly 32 öýli 3 sany we 16 öýli ýaşaýyş jaýynyň biri Ahal köçesiniň ugrunda peýda boldy. Güneşli köçesiniň ugrunda bolsa 2 gatly kottejleriň 9-sy bina edildi. Olaryň her biriniň iki öýlüdigini bellemeli.

 Täze jaýa göçüp gelen maşgalalar üçin zerur bolan ähli amatlyklar üpjün edildi. Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan döwrebap jaýlarda bagtyýar maşgalalaryň 738-si jaý toýlaryny tutdular.

***

Şu gün paýtagtymyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ojar Aziýa» edara – söwda binasynyň açylyş dabarasy boldy.

Aşgabadyň demirgazygynda, Andalyp we G.Gulyýew köçeleriniň kesişýän ýerinde gurlan üç gatly täze bina 2018-nji ýylyň fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bu ýerde açylan giň gerimli işewürlik toplumynyň desgalarynyň üstüni ýetirdi.