26-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmeniň ak öýi»
binasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan sungat
ussatlarynyň döwlet konserti boldy.
«Nowruz
ýaýlasy» adyna eýe bolan hem-de giň gerimli dabaralaryň
geçirilýän ýerine öwrülen Ahal welaýatynyň bu ajaýyp künjeginde şu gün
ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabarasynyň mazmuny türkmen halkynyň milli medeni
mirasyny halkymyza mahsus milli aýratynlyklara laýyklykda, aýdyň keşpde
janlandyrmakdan ybarat boldy. Bu ýere gelen myhmanlar türkmen halkynyň baý milli
däp-dessurlaryny, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň ýerine ýetirýän işlerini
synladylar, ak öýlere girip gördüler.
Konsertiň joşgunly çykyşlaryny hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowa bagyşlanyp döredilen aýdymlar dowam etdi. Aýdymçylaryň
hem-de döredijilik toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşyklylykda wideoşekiller
hem görkezilip, olarda häzirki zaman Bitarap türkmen döwletiniň okgunly
gadamlary beýan edildi. Bu konsert žanrlaryň köpdürlüligi we çykyşlaryň ilkinji
gezek hödürlenilýändigi bilen tapawutlanýar.
Agşam «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada
baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu ýerde köp sanly tomaşaçylar üçin uly konsert
maksatnamasynda meşhur estrada ýerine ýetirijileri, sazandalar, tans we
etnografiýa toparlary çykyş etdiler.