4-nji
oktýabrda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň
ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, medeniýet pudagyny hem-de beýleki pudaklary
ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, döwlet we jemgyýetçilik
işinde gazanan uly üstünlikleri üçin halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň,
ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň
işgärlerine, döredijilik işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy
boldy.
Şunuň bilen bir hatarda sylaglananlaryň zehinli ýaş döredijilik işgärlerini taýýarlamaga hem-de terbiýelemäge goşan aýratyn goşantlary, döwletimiziň we jemgyýetimiziň öňünde bitiren uly hyzmatlary, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmeti, ýokary hünär ussatlygy, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramçylyk çärelerini ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge gatnaşandyklary nazara alyndy.