Türkmenistanda täze bag ekmek
möwsümi başlandy. 21-nji martda bellenilen Halkara Nowruz gününde tutuş
ýurdumyz ýowaryna çykdy. Ol diňe bir ildeşlerimiziň joşgunly zähmetiniň
hakyky baýramçylygy bolman, eýsem, türkmen hakynyň milli Liderimiziň
döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde ruhubelentliginiň nobatdaky
aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Asylly däbe görä, hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi Köpetdagyň etegindäki Nowruz ýaýlasyndaky
meýdançada bag nahalyny oturtmaga gatnaşyp, giň möçberli bag ekmek
maksatnamasynyň nobatdaky tapgyryna badalga berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, 2019-njy ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden hem-de Ak bugdaý etraplarynyň aralygynda agaç nahallarynyň 1,5 million düýbi we sebitlerde hem saýaly, pürli, miweli agaçlaryň hem-de üzümiň şonça möçberi ekiler. Tutuş ýurdumyz boýunça şu bag ekmek çäresiniň barşynda miweli agaçlaryň hem-de üzümiň 600 müň düýbüni, tut agaçlarynyň hem 300 müň düýbüni oturtmak meýilleşdirilýär. Bu işleri guramak ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimlikleriniň üstüne ýüklenildi.