milli goshun logo
Watançy nesli kemala getirmek-enäniň belent wezipesi
Watançy nesli kemala getirmek-enäniň belent wezipesi
26.11.2018 678 Habarlar

Daşoguz welaýatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym” atly kitabyna bagyşlanan giň gerimli jemgyýetçilik çäreleri ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçirildi. Bu çäreleri Zenanlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Daşoguz welaýatynyň häkimligi guradylar.

Çäreleriň hatarynda welaýat häkimliginiň binasynda geçirilen “Ýörän ýoly ýörelge, eden işi nusgalyk” atly maslahat bar. Oňa ähli welaýatlardan we paýtagtymyzdan jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de zähmetkeş toparlarynyň wekilleri, hormatly eneler, okuwçy ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri zenanlara belent sarpa goýýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döwlet özgertmeleriniň geçirilýän döwründe aýal-gyzlaryň ýurdumyzyň durmuşyndaky ornuny has-da giňeltmäge uly ähmiýet berilýär.

Maslahata gatnaşyjylar enelik we maşgala, ösüp gelýän nesil baradaky aladanyň milli Liderimiziň üns merkezinde durýandygyny çuňňur hoşallyk bilen bellediler.

Hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýolunyň mysalynda türkmen jemgyýetiniň ösmeginde enäniň eýeleýän orny aýratyn bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz öz kitabynda belleýşi ýaly, tutuş dünýäde enä mukaddeslik hökmünde belent sarpa goýulýar. Bu däbi mynasyp dowam edip, ony nesilden-nesle aýawly geçirmek biziň borjumyz bolup durýar.

Şeýle hem bu ýerde sergi guralyp, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işlerine esasy orun berildi.

Çäreleriň çäklerinde oňa gatnaşyjylar taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde hem-de H.Andalyp adyndaky sazly-drama teatryna baryp gördüler, bu ýerde “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym” kitaby boýunça taýýarlanylan “Döwrüň enä bagyş eden ajaýyp dessany” atly sahnalaşdyrylan tomaşa görkezildi. Köneürgenç şäherinde olar binagärlik ýadygärlikleri bilen tanyşdylar, şeýle hem “Bitin çörek-bitin rysgal” ady bilen geçirilýän bäsleşigiň jemleýji tapgyryna tomaşa etdiler. Bu bäsleşik milli aşpezlik sungaty, däp-dessur baradaky düşünjeler boýunça ýurdumyzyň zenanlarynyň arasynda guraldy.