Şu gün —
19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyz
tarapyndan döwlet Baştutany hökmünde saýlanyp, wezipä girişmegine dört ýyl
bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan başlangyçlary
mynasyp dowam etdirilýär.
2022-nji
ýylyň 12-nji martynda giň bäsdeşlik esasynda, milli saýlaw kanunçylygy we
halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçirilen Prezident
saýlawlary ýurdumyzyň demokratik özgertmeleriň ýolunda ynamly öňe barýandygynyň
aýdyň güwäsi boldy. Türkmenistanyň raýatlary Gahryman Arkadagymyzyň täzeçil,
döredijilikli pikirlenýän, ýokary bilimli we giň dünýägaraýyşly, Watanymyzyň
ykbaly üçin jogapkärçilik çekmäge ukyply ýaş ýolbaşçylary öňe sürmek
başlangyjyny uly höwes bilen goldadylar. Şeýlelikde, dalaşgär Serdar
Berdimuhamedowyň sesleriň köplügini gazanmagy bilen tamamlanan möhüm
jemgyýetçilik-syýasy çäre Watanymyzyň taryhynda täze sahypany açyp, döwürleriň
hem-de nesilleriň arasyndaky üznüksiz baglanyşygy aýdyň görkezýän döwlet
ähmiýetli waka öwrüldi.
Türkmenistanyň
Konstitusiýasynyň 68-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti
döwletiň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutanydyr, Türkmenistanyň iň ýokary
wezipeli adamydyr. Ol döwlet Garaşsyzlygynyň we hemişelik Bitaraplyk hukuk
ýagdaýynyň, çäk bitewüliginiň, Konstitusiýany, adamyň, raýatyň hukuklaryny we
azatlyklaryny berjaý etmegiň hem-de halkara borçnamalary ýerine ýetirmegiň
kepili hökmünde çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň 19-njy
martynda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde wezipä girişmegi mynasybetli dabarada
eden çykyşynda halkymyzyň ägirt uly ynam bildirendigini, munuň bolsa
watandaşlarymyzyň abadan durmuşynyň, nesillerimiziň bagtyýar geljeginiň
bähbidine türkmen döwletiniň gülläp ösmegi hem-de berkemegi üçin has yhlasly
zähmet çekmäge borçlandyrýandygyny nygtady.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde has belent maksatlar goýuldy.
Şolaryň esasysy mähriban Watanymyzyň asudalygyny, howpsuzlygyny,
durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan
beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy, özara ynanyşmagy
berkitmegi üpjün etmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz öňde goýlan maksatlary üstünlikli amala aşyrmakda, ilkinji
nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de
merdanalygyna bil baglaýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan
yglan edilen «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen
döwletdir!» diýen ýörelge durmuş ugurly döwlet syýasatynyň many-mazmunyny
kesgitledi. Mälim bolşy ýaly, öňde goýlan giň gerimli maksatlara ýetmegiň ýoly
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda işlenip düzülen we kabul edilen «Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» öz beýanyny tapýar.
Ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri Milli Liderimiziň ady we durmuşa geçiren beýik
işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Garaşsyz
Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitaraplyk syýasatyny
üstünlikli dowam etdirip, parahatçylyk döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk,
özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny bütin dünýä äşgär edýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara guramalaryň
çäklerinde öňe sürlen, häzirki döwrüň meselelerini çözmäge gönükdirilen
başlangyçlar dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, özara
düşünişmegi, dostlukly we ynanyşykly gatnaşyklary, Durnukly ösüş maksatlaryna
ýetmek üçin netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýurdumyzyň goşýan
goşandydyr. Dünýä bileleşigi tarapyndan biragyzdan goldanylan bu başlangyçlaryň
arasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi, 2025-nji ýylyň
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi aýratyn
bellärliklidir.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň
aýdyň ýoly» atly kitabynyň neşir edilmegi Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň
30 ýyllygyna watandaşlarymyz üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Döwlet
Baştutanymyz: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar
bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda
gatnaşyklary geljekde hem ösdürmegi maksat edinýäris» diýip nygtaýar. Soňky
ýyllarda geçirilen giň möçberli çäreler, iri halkara forumlar, şeýle hem
Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary,
abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, tanymal syýasatçylar, jemgyýetçilik
işgärleri bilen geçiren onlarça duşuşyklarydyr gepleşikleri bu sözleriň iş
ýüzünde durmuşa geçirilýändigini subut edýär.
Islendik
döwletiň daşary we içeri syýasaty özara baglanyşyklydyr hem-de ýurduň durnukly,
hemmetaraplaýyn ösüşi, bar bolan syýasy, ykdysady, serişde, adam
mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin ähli zerur şertleri döretmäge
gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan dünýäniň ykdysady ulgamyna
işjeň goşulyşmak arkaly milli ykdysadyýetimiziň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna,
bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmaga, onuň binýatlyk pudaklarynyň çalt
depginde ösdürilmegine, ykdysadyýeti dolandyryş mehanizmleriniň
kämilleşdirilmegine, durmuşyň ähli ugurlaryna sanly tehnologiýalaryň işjeň
ornaşdyrylmagyna uly üns berýär. Bazar ykdysadyýetiniň milli nusgasyny kemala
getirmekde hususy pudagy höweslendirmek we goldamak möhüm ähmiýete eýedir.
Telekeçiler dürli pudaklarda üstünlikli iş alyp baryp, ýurdumyzyň kuwwatly
döwlete öwrülmegine goşant goşýan taslamalara işjeň gatnaşýarlar.
Watanymyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň
yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde soňky ýyllarda ýurdumyzyň iň çetki
künjekleri hem tanalmaz derejede özgerýär, senagat, medeni-durmuş maksatly
desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Ýangyç-energetika,
gurluşyk-senagat toplumlaryny, ulag-kommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmäge
gönükdirilýän maýa goýumlar uzak möhletli ykdysady ösüşiň, halkyň ýaşaýyş
derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň esasy şerti bolup durýar. Döwletimiz
tarapyndan her ýyl suw, tebigy gaz we elektrik üpjünçiligi ulgamlarynyň
çekilmegi, suw arassalaýjy desgalaryň, häzirki döwrüň iň ýokary talaplaryna
laýyk gelýän awtomobil ýollarynyň gurluşygy üçin uly möçberde serişdeler
bölünip berilýär.
Diýarymyzda
azyk bolçulygyny üpjün etmek esasy maksatlaryň biri hökmünde kesgitlenildi.
Şoňa görä, oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek,
öndürijilikli iş üçin zerur bolan ähli şertleri üpjün etmek, daýhanlaryň
ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreler görülýär.
Munuň özi oba hojalyk önümleriniň hasyllylygynyň ýokarlanmagyna, importyň
ornuny tutýan harytlaryň öndürilmegine, gaýtadan işleýän pudagyň ösdürilmegine
gönüden-göni ýardam edýär. Her ýyl halkara standartlara laýyk gelýän,
bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli önümleri öndürýän
döwrebap önümçilik desgalary gurulýar hem-de önümleriň eksportynyň möçberi
yzygiderli artýar. Jemi içerki önümiň durnukly ösüşi, senagatyň
diwersifikasiýalaşdyrylmagy, importyň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilen
önümleri öndürýän täze kärhanalaryň döredilmegi, halkara we sebit ähmiýetli iri
maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi amala aşyrylýan düýpli
özgertmeleriň netijeliligini görkezýär.
Hormatly
Prezidentimiz 13-nji fewralda 2025-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny we
kesgitlenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilendigini belledi. “Ykdysadyýetimiziň
ýokary ösüş depginini saklap galdyk. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim, şol
sanda ol senagatda 1,8 göterim, söwdada 9,6 göterim, oba hojalygynda bolsa 7
göterim boldy. Maýa goýumlar 6 göterim artdy” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
2025-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 116 sany önümçilik
we medeni-durmuş maksatly desga, umumy meýdany 645 müň inedördül metr bolan
ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz 2026-njy
ýylda umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlaryny, 3 müň
380 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1 müň 80 orunlyk mekdebe çenli çagalar
edaralaryny gurup ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Bularyň
ählisi gazanylýan üstünlikleriň durmuş ugruna gönükdirilendigini tassyklaýar.
Olar ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny, hukuk
kepillikleriniň berkidilmegini, döredijilik bilen meşgullanmak, adamlaryň
zehinini ýüze çykarmak üçin mümkinçilikleriň döredilmegini öz içine alýar.
Ösüş üçin
täze mümkinçilikleri açmaga, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny we onuň halkara
abraýyny artdyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeler halkymyzyň bagtyýar geljegi
hakyndaky aladalar bilen sazlaşykly utgaşýar. Milli ykdysadyýetimiziň esasy
ugurlarynyň, dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän ýokary
tehnologiýaly pudaklaryň ösdürilmegi bilen bir hatarda, umumy ösüşiň
hereketlendiriji güýji hökmünde ykrar edilen intellektual ulgama — bilime
hem-de ylma uly möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär.
Mälim bolşy
ýaly, ýokary bilimli, aň we beden taýdan ösen, Watanymyza wepaly ýaş nesilleri
kemala getirmek döwletimizi ösdürmegiň strategik wezipeleriniň biridir. Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda ýaşlaryň sazlaşykly
ösmegi, şahsyýet hökmünde kämilleşmegi, olaryň intellektual, döredijilik
ukyplaryny doly durmuşa geçirmekleri, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy,
durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikler
döredilýär. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, milli bilim ulgamy
döwrebaplaşdyrylýar, ulgamyň kanunçylyk-hukuk, maddy-enjamlaýyn binýady
berkidilýär. Sanly bilimi ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär.
Bu bolsa okatmagyň interaktiw we uzak aralykdan bilim bermek usullaryny
ornaşdyrmak hem-de işjeň ulanmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Ýokary hünär
derejeli işgärleri taýýarlamaga, ýokary okuw mekdeplerini döwrebaplaşdyrmaga,
tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlaryny açmak
meýilleşdirilýär.
Saglygy
goraýyş, medeniýet, sport ulgamlary durmuş ugurly döwlet syýasatynyň möhüm
düzüm bölekleri hökmünde çykyş edýär. Bu ugurlar raýatlaryň beden we ruhy
taýdan kämilleşmegine gönüden-göni täsir edýär. Häzirki wagtda «Saglyk» Döwlet
maksatnamasynyň çäklerinde halkymyzyň saglygyny goramak, adam ömrüniň
dowamlylygyny uzaltmak, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak
boýunça toplumlaýyn işler dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy
ýylda paýtagtymyzda Halkara pediatriýa merkezi, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki
merkezi, Stomatologiýa merkezi açylyp ulanmaga berler. «Arçman» şypahanasynda
bolsa 400 orunlyk täze binalar toplumy raýatlara hyzmat edip başlar.
Halkyň
saglygyny berkitmek babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň çäklerinde
köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmek üçin şertleriň
döredilmegine aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady
goýlup, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli
durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň netijesinde paýtagtymyzda we
ýurdumyzyň welaýatlarynda iri sport desgalary gurlup ulanmaga berilýär.
Bedenterbiýe, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli
mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri sagdyn durmuş
ýörelgeleriniň esaslaryny berkitmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Gahryman Arkadagymyz hem, hormatly
Prezidentimiz hem sport bilen yzygiderli meşgullanyp, Bütindünýä saglyk gününe
we Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp geçirilýän her ýylky köpçülikleýin
çärelere gatnaşyp, watandaşlarymyza nusgalyk görelde görkezýärler.
Döwlet
derejesinde ekologik abadançylygy üpjün etmäge, geljek nesiller üçin ösümlik we
haýwanat dünýäsini gorap saklamaga, olaryň biologik dürlüligini baýlaşdyrmaga,
tebigy baýlyklary netijeli ulanmaga, bereketli topragymyzy bagy-bossanlyga
öwürmäge gönükdirilen giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär.
Ruhy
gymmatlyklarymyza, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna goýulýan sarpa
ýurdumyzda syýasy we durmuş taýdan durnuklylygyň, halkymyzyň agzybirliginiň,
jebisliginiň möhüm şerti bolup durýar. Şolaryň hatarynda eneligi we çagalygy
goramak baradaky hemmetaraplaýyn aladany, köp çagaly maşgalalara berilýän
goldawlary bellemek bolar. Berkarar Watanymyzyň bagtyýar geljegini
kepillendirýän mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirmekde enelerimiziň bitirýän
ägirt uly hyzmatlaryny nazara almak bilen, şu ýylyň martynyň başynda hormatly
Prezidentimiz köp sanly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
Permana gol çekdi. Asylly däbe görä, Halkara zenanlar güni mynasybetli
dabaralaryň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan
köp çagany terbiýeläp ýetişdirýän eneleri sylaglamak we köp çagaly maşgalalara
amatly ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi.
Türkmen
halkynyň umumadamzat siwilizasiýasynyň ösüşine goşan uly goşandyny göz öňünde
tutup, milli medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, özboluşly milli mirasymyzy
çuňňur öwrenmek, gorap saklamak hem-de wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri
aýawly saklamak we öwrenmek, olary dikeltmek ugrunda giň gerimli işler alnyp
barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we
medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen
hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyz 1993-nji ýyldan bäri bu guramanyň
agzasy bolup durýar. Bu düzüm bilen köpýyllyk netijeli gatnaşyklar
Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň aýrylmaz
bölegidir. Ýola goýlan oňyn dialogyň netijesinde bilelikdäki taslamalaryň
birnäçesi üstünlikli durmuşa geçirildi. Şunlukda, 2023-nji ýylyň oktýabrynda
Türkmenistanyň ak mermerli paýtagty Aşgabat «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň
döredijilik şäherleriniň toruna, 2025-nji ýylda bolsa ÝUNESKO-nyň öwreniji
şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi. Häzirki wagtda sebitde deňi-taýy
bolmadyk Arkadag şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna, onuň
bilim edaralaryny bolsa bu düzümiň Assosirlenen mekdepleriniň toruna goşmak
boýunça işler alnyp barylýar. Munuň özi şähergurluşyk ulgamynda tejribe
alyşmaga, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam
berer.
Merkezi Aziýa
sebitinde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň dünýäniň şähergurluşyk
ulgamynda uly ykrarnama eýe bolandygyny bellemek gerek. Kanunçylyk esasynda
döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan bu şäher
häzirki wagtda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özboluşly
nyşanyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň adyny buýsanç bilen göterýän bu şäher
döwrebap maglumat tehnologiýalarynyň we gaýtalanmajak binagärlik çözgütleriniň
sazlaşygyna eýe bolmak bilen, innowasion şähergurluşygyň nusgasy hökmünde ykrar
edildi. Häzirki wagtda «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň
Konsepsiýasyna» laýyklykda, bu giň gerimli taslamanyň ikinji tapgyry batly
depginde durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyz
tarapyndan hödürlenip, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň hem-de Adamzadyň maddy
däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklaryň sany yzygiderli artýar.
Hususan-da, bu abraýly sanawa ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek
däpleriniň, türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek sungatynyň girizilmegi
milli medeni gymmatlyklarymyzyň ählumumy derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň
güwäsi boldy. Soňky ýyllarda milli baýlygymyz hem-de köpasyrlyk halk
seçgiçiliginiň miwesi bolan ahalteke bedewleriniň we alabaýlaryň dünýädäki
şöhratyny artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Şu
ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany»
diýen şygar bilen atlandyrylmagy hem ata-babalarymyzyň mirasyna aýratyn sarpa
goýulýandygynyň beýanyna öwrülip, ildeşlerimizi Watanymyzyň abadançylygy
ugrunda tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Şeýlelikde,
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze taryhy döwürde öňde goýlan belent
maksatlaryň ählisine üstünlikli ýetiler diýip ynam bilen aýdyp bileris.
Köpýyllyk tejribäniň görkezişi ýaly, öz maksatlaryna ýetmekde agzybirlikde
hereket edýän türkmen halky häzirki we geljek nesilleriň bagtyýar durmuşynyň
bähbidine giň möçberli meýilnamalary durmuşa geçirmäge ukyplydyr.