Şu gün
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa dostluk saparynyň dowamynda Hytaý Halk
Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň
geçirilýän ýerinde türkmen halkynyň Milli Liderini HHR-iň Başlygy mähirli
garşylady. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek
dabarasyndan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň
Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Si Szinpin
belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip gelendigi üçin
Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi hem-de Hytaýda şu gezekki sapara
ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň
nyşany hökmünde garalýandygyny belledi. Ol pursatdan peýdalanyp, hormatly
Prezidentimize mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Başlyk Si
Szinpin Gahryman Arkadagymyzy hem-de döwlet Baştutanymyzy ýetip gelýän Nowruz
baýramy bilen gutlap, şu gün Hytaý Täze ýylynyň soňky gününiň bellenilýändigini
we bu iki baýramyň gabat gelmeginiň aýratyn many-mazmuna eýedigini aýtdy.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler we bildirilen myhmansöýerlik üçin
minnetdarlygyny beýan edip, şu gezekki duşuşyga ýurtlarymyzyň arasyndaky
dostlugyň, hyzmatdaşlygyň, özara hormat goýmagyň nyşany hökmünde garaýandygyny
belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiziň iberen
salamyny ýetirdi.
Duşuşygyň
dowamynda bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz BMG-niň hem-de beýleki halkara
guramalaryň, “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň çäklerinde tagallalary
utgaşdyrýarlar. Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky
gatnaşyklar hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylyp,
many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Ol daşary syýasat, ykdysadyýet, söwda,
medeniýet, ylym, bilim ýaly ugurlary öz içine alýar. Şeýle hem soňky ýyllarda
syýasy partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklar we parlamentara dialog giňeldilýär.
“Häzirki
wagtda döwletara gatnaşyklaryň durnukly we ygtybarly ulgamy döredildi. Bu
gatnaşyklar wagtyň synagyndan geçip, öz netijeliligini hem-de türkmen we hytaý
halklarynyň uzak möhletli bähbitlerine laýyk gelýändigini görkezdi” diýip,
Gahryman Arkadagymyz belledi. Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň we
Hytaýyň halkara giňişlikdäki hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine
hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, häzirki wagtda taraplaryň
yzygiderli tagallalary netijesinde munuň üçin ähli zerur şertleriň
döredilendigine ünsi çekdi.
Öz gezeginde,
Si Szinpin Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde ählumumy parahatçylygy
pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň
ähmiýetini belläp, Hytaýyň bu teklipleri yzygiderli goldajakdygyny tassyklady.
“Özara
hyzmatdaşlyk iki döwletiň ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň möhüm şerti bolup
çykyş edýär. Türkmenistan hem-de Hytaý döredijiligiň, hyzmatdaşlygyň ýoly bilen
öňe barýarlar we bilelikde uly netijeleri gazanýarlar” diýip, Milli Liderimiz
aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Si Szinpini we ähli hytaý halkyny Halk
wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hem-de Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw
geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň mejlisleriniň üstünlikli geçirilmegi hem-de bu
ýokary syýasy forumlarda möhüm çözgütleriň kabul edilmegi bilen gutlady.
HHR-iň
Başlygy gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, Hytaý üçin Türkmenistanyň Merkezi
Aziýada iň ygtybarly hyzmatdaş bolup durýandygyny, Hytaýda ýurdumyzyň hemişelik
Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berilýändigini hem-de goldanylýandygyny
nygtady.
Duşuşygyň
dowamynda bellenilişi ýaly, iň ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan
gatnaşyklar uly mümkinçilikleri açyp, syýasy-diplomatik ulgamda ýakyn
hyzmatdaşlyk üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Ykdysady, söwda,
medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek babatda goşmaça amatly şertleri üpjün
edýär. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň HHR-iň BMG-niň çäklerinde öňe sürýän
başlangyçlaryny goldaýandygyny we mundan beýläk-de goldajakdygyny tassyklady.
Milli
Liderimiz Hytaýyň öňe sürýän Howpsuzlyk, Siwilizasiýa, Ösüş, Dolandyryş ýaly
ählumumy başlangyçlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi. “Bularyň ählisi Türkmenistanyň
“Ösüş arkaly parahatçylyk”, “Dialog — parahatçylygyň kepili” ýaly halkara
başlangyçlarynyň maksatlaryna hem-de filosofiýasyna, ýurdumyzyň dünýä
syýasatynda ynanyşmak we deňhukukly özara hormat goýmak dialogy ýörelgelerini
berkarar etmek boýunça strategik ugruna laýyk gelýär” diýip, hormatly
Arkadagymyz aýtdy.
Ýangyç-energetika
ulgamy hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen
baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Galkynyş” gaz känini
özleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamalaryň wajyp ähmiýetini belledi. Şunda
gaz pudagynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň gazanylan oňyn tejribesini nazara
almak bilen, ýurdumyzyň iň iri gaz käninde mundan beýläk-de bilelikde iş alyp
barmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Hormatly Arkadagymyz
Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynyň Hytaýyň
“Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen utgaşdyrylmagynyň çäklerinde
ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyna
ünsi çekdi.
Duşuşygyň
dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp
maslahatlaşylyp, şunda ylym we bilim ulgamlarynyň möhüm orny bellenildi. Milli
Liderimiz türkmen ýaşlaryna Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga
döredilýän mümkinçilikler üçin hytaý tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Öz gezeginde,
Si Szinpin ylym, bilim we beýleki durmuş ugurlarynda bilelikdäki taslamalary
durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy hem-de ýakyn wagtda
Türkmenistanda “Lu Ban ussahanalaryny” hem-de Adaty hytaý lukmançylyk merkezini
açmak boýunça taslamalaryň amala aşyryljakdygyna ynam bildirdi. HHR-iň Başlygy
Hytaýyň bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, intellektual eýeçilik we
atçylyk ugurlarynda tejribe alyşmaga taýýardygyny tassyklady. Şeýle-de ol
Türkmenistanyň oba hojalyk önümleriniň ýokary ekologik derejesi bilen
tapawutlanýandygyny belläp, Hytaýyň oba hojalyk pudagynda, hususan-da, ýokary
öndürijilikli tehnikalary ibermek, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak,
“ýaşyl” energetikany ösdürmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy ilerletmäge gyzyklanma
bildirýändigini aýtdy.
Duşuşykda
türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
HHR-iň Başlygy Si Szinpine özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza sapar
bilen gelmäge iberen çakylyk hatyny gowşurdy.
Duşuşygyň ahyrynda
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Hytaý
Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin köklerini gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň
döwründen alyp gaýdýan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň
bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam
bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
***
Duşuşykdan
soňra, Gahryman Arkadagymyz we HHR-iň Başlygy dostlukly gezelenç etdiler. Munuň
özi Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklarda ynanyşmagyň we özara
düşünişmegiň ýokary derejesiniň aýdyň beýanydyr. Soňra özara sowgat alyşmak
dabarasy boldy. Milli Liderimiziň hormatly Prezidentimiziň adyndan Hytaý Halk
Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Gadyrly atly ahalteke bedewini sowgat
bermegi dostlukly halklaryň gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini
görkezýän ajaýyp waka öwrüldi.
Si Szinpin
ajaýyp sowgady hoşallyk bilen kabul edip, Hytaýda ahalteke bedewlerine uly
hormat goýulýandygyny belledi. Şeýle hem dostlukly ýurduň Başlygy
Türkmenistanyň meşhur ahalteke bedewleriniň watanydygyny, mundan bir müçe öň,
ýagny 12 ýyl ozal hem özüne Gahryman atly ahalteke bedewiniň sowgat
berlendigini aýtdy.
HHR-iň
Başlygy türkmen halkynyň «At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar» diýen parasatly
sözlerini mysal getirip, hormatly Prezidentimiziň adyndan Gadyrly atly bedewiň
sowgat berilmeginiň diňe bir özi üçin däl-de, eýsem, tutuş hytaý halky üçin hem
uly hormatdygyny belledi we ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.
Taryhdan
belli bolşy ýaly, Hytaý imperatory U Diniň ilçisi Çžan Sýanyň ýolbaşçylygyndaky
wekiliýetiň Parfiýa döwletine iberilmegi türkmen we hytaý halklarynyň
arasyndaky aýratyn gatnaşyklaryň aýdyň mysallarynyň biri bolup durýar. Bedew at
diplomatik sowgatlaryň hatarynda iň gymmatlysy hasaplanypdyr. Türkmen we hytaý
halklarynyň taryhy berk baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda bilelikde geçilen ýoluň
iň asylly däpleri Türkmenistan we Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklara üstünlikli
ornaşdyrylýar.
Gahryman
Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk sapary dowam edýär.