milli goshun logo
Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak türkmen bugdaýy tabşyryldy
Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak türkmen bugdaýy tabşyryldy
9 sagat öň 17 Habarlar

Ýurdumyzyň ussat gallaçy kärendeçileri Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million tonnadan gowragyny tabşyrdylar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ak ekin meýdanlarynda orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Bu işde kärendeçileriň, mehanizatorlaryň, sürüjileriň sazlaşykly zähmeti netijesinde Watan harmanyna goşulýan hasylyň mukdary yzygiderli artýar. 1 million tonnalyk sepgidi eýelän gallaçy kärendeçileriň orak möwsüminde alyp barýan işleriniň depginleri birjik-de peselmeýär.

Daýhanlaryň sazlaşykly zähmeti netijesinde Watan harmanyny has-da beýgeltmek boýunça gallaçylaryň öňünde durýan wezipelere üstünlikli amal edilmegi Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna mynasyp zähmet sowgady bolar.