Ýurdumyzyň gallaçy babadaýhanlary uly zähmet ýeňşini
gazandylar. Olaryň yhlasly we öndürijilikli zähmeti netijesinde, Watan
harmanyna guşgursak bugdaýyň 1 million 407 müň tonnasy tabşyryldy. Munuň özi
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk pudagynda başyny başlan özgertmeleriniň
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda
üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Oba hojalyk pudagy milli ykdysadyýetimizde möhüm orny
eýeläp, ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar.
Ägirt uly ýer serişdelerine, amatly toprak-howa şertlerine eýe bolan
Türkmenistan oba hojalyk pudagyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bu pudak
azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, döwletimiziň eksport
mümkinçiliklerini artdyrmaga hem ýardam berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda oba
hojalyk pudagyny ylmy esasda, toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen işler
üstünlikli amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk syýasatynyň
ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, Türkmenistanda azyk bolçulygyny has-da
pugtalandyrmak, bu ulgamdaky özgertmeleriň gerimini mundan beýläk-de giňeltmek
boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Netijede, daýhanlarymyz täze
ýerleri özleşdirmegiň, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň hasabyna
bugdaýyň hasyllylygyny yzygiderli artdyrýarlar.
Pudagyň düzümleriniň tehniki taýdan
enjamlaşdyrylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna, elewatorlaryň, gaýtadan işleýän
oba hojalyk kärhanalarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň, suw hojalyk
desgalarynyň gurluşygyna maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Bu işler oba
hojalygyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Şu
ýylyň iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatynyň
Ak bugdaý etrabyna iş saparyny amala aşyryp, galla oragynyň depgini bilen
tanyşmagy hem-de Magtymguly daýhan birleşiginde galla oragyna ak pata bermegi
we bu ýerde kärendeçi daýhan bilen söhbetdeş bolmagy ýurdumyzyň galla
öndürijilerini has-da tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrdy.
Diýarymyzda gallaçy babadaýhanlaryň netijeli zähmet
çekmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine döwlet derejesinde möhüm ähmiýet
berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň
hasylyndan başlap, bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhy ýokarlandyryldy. Munuň özi
guşgursak bugdaýyň öndürilýän möçberini mundan beýläk-de artdyrmaga, ýurdumyzda
azyk bolçulygyny üpjün etmäge uly itergi bermek bilen, daýhanlaryň durmuş
abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna täsir edýär.
Häzirki wagtda oba hojalyk pudagynda hususy bölegiň
eýeleýän ornunyň barha pugtalanýandygyny bellemek gerek. Pudakda geçirilýän
özgertmeleri has-da kämilleşdirmek boýunça kabul edilen çözgütleri ýerine
ýetirmek, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de oba hojalygyna
hususy önüm öndürijileri giňden çekmek maksady bilen döredilen ýörite ýer gaznasyndan
oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin bölekler hususy önüm
öndürijilere bölünip berilýär. Munuň özi hususyýetçileriň netijeli iş alyp
barmaklary üçin uly mümkinçilikleri döredýär, olary täze zähmet üstünliklerine
ruhlandyrýar. Şu ýyl hususy önüm öndürijileriň bugdaýyň bol hasylyny
ýetişdirip, Watan harmanynyň beýgelmegine goşant goşmaklary munuň aýdyň
mysalydyr.
Ýurdumyzda oba hojalygynyň häzirki zaman
infrastrukturasyny döretmek, önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda döwlet
maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýetişdirilen
bugdaý hasylyny ýygnamak, talabalaýyk saklamak we gaýtadan işlemek üçin ähli
mümkinçilikler döredildi. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalygyna uly möçberde
gönükdirilýän maýa goýumlaryň hasabyna ähli welaýatlarda galla kabul ediş
kärhanalary, döwrebap elewatorlar, ammarlar, degirmen toplumlary hereket edýär.
Seçgiçilik, tohumçylyk işlerine we bu ugurda iş alyp
barýan ylmy edaralar bilen netijeli hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär.
Ylmy gözlegler, alymlaryň tejribesiniň, hünär derejesiniň yzygiderli
ýokarlandyrylmagy täze taryhy döwürde oba hojalyk pudagynyň ösüşine oňyn
täsirini ýetirýär. Oba hojalykçy alymlaryň, ugurdaş hünärmenleriň jogapkärli
işleri, ekerançylaryň yhlasly zähmeti esasynda oba hojalyk ekinleriniň
hasyllylygy ýokarlandyrylyp, döwletimiziň azyk binýady ygtybarly üpjün edilýär.
Ýurdumyzda däneçilik pudagyny ylmy esasda ösdürmek üçin Türkmenistanyň Oba
hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň esaslandyrylmagy hem-de
bu institutda bugdaýyň “Serdar”, “Arkadag”, “Pyragy” diýlip atlandyrylýan täze
sortlarynyň döredilmegi hem-de olaryň ekin dolanyşygyna girizilmegi bugdaýyň
bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berdi.
Oba hojalyk pudagyny döwrüň talabyna laýyklykda
ösdürmek maksady bilen, tohumlaryň ýokary hasyl berýän görnüşlerini döretmek
bilen bir hatarda, agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmegine-de aýratyn
üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba
hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýat häkimleriniň
gatnaşmagynda geçirýän iş maslahatlarynda oba hojalyk önümçiliginiň ähli
tapgyrlarynda agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň ekinlerden bol
we bereketli hasyl almagyň esasy şerti bolup durýandygyny belleýär. Şoňa görä,
döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, tohumlary saýlap almakdan
başlap, hasyly ýygnamak işlerine çenli bugdaý önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda
agrotehniki çäreleriň ýokary hilli geçirilmegine aýratyn üns berildi. Bugdaý
ekilen meýdanlary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, gögeriş we ösüş
suwlaryny tutmak, haşal otlara garşy göreşmek çäreleri öz wagtynda, talabalaýyk
ýerine ýetirildi. Bu ugurda kuwwatly oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde
işledildi. Munuň özi ideg işleriniň öndürijilikli we agrotehniki möhletlerde
alnyp barylmagyna ýardam etdi.
Bugdaý oragynyň başlanmagy mynasybetli welaýatlarda
önümçilik-okuw maslahatlary geçirildi. Olaryň dowamynda orak möwsümini
guramaçylykly geçirmek, bugdaý orýan kombaýnlaryň sazlaşykly işini üpjün etmek
bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem
bugdaý meýdanlarynyň ýanynda dürli dabaralar guralyp, welaýatlaryň aýdym-saz,
tans-folklor toparlary çykyş etdiler. Dabaralaryň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan
sergilerde oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleri, çörek we çörek önümleri,
häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary görkezildi.
Ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň
yzygiderli satyn alynmagy pudagyň işgärlerine hemmetaraplaýyn goldaw
berilýändiginiň ýene bir aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk
toplumynyň ösdürilmegine berýän goldawy netijesinde galla oragy möwsüminde
“John Deere”, “СLAAS” ýaly meşhur kompaniýalaryň häzirki zaman galla orujy
kombaýnlary netijeli ulanyldy. Ýokary öndürijilikli tehnikalar gije-gündizleýin
tertipde işledilip, olar ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga
ýardam berdi.
Galla oragy döwründe göçme abatlaýyş-mehaniki
toparlaryň ýüzlerçesi gallaçylara hyzmat edip, olar ýangyç we çalgy
serişdeleri, tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjün edildi. Meýdan
düşelgelerinde galla oragyna gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler, beýleki
işgärler üçin ähli degişli durmuş şertleri döredildi. Ýygnalan täze hasyl zerur
enjamlar bilen enjamlaşdyrylan kabul ediş nokatlaryna, ammarlara, elewatorlara
daşaldy. Munuň özi gallaçy kärendeçileriň öňde durýan wezipeleri üstünlikli
ýerine ýetirmeklerine ýardam berdi.
Şeýlelikde, gallaçy babadaýhanlarymyzyň gazanan zähmet
ýeňşi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda azyk
bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny
üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň üstünliklere
beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.