milli goshun logo
Watan goragçylarynyň gününiň hormatyna sergi açyldy
Watan goragçylarynyň gününiň hormatyna sergi açyldy
26.01.2019 584 Habarlar

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 27-nji ýanwarda ýurdumyzda her ýyl bellenilýän Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan serginiň açylyş dabarasy boldy. Sergi ýurdumyzda parahat we asuda durmuşy goramak, edermen halkymyzyň döredijiliginiň we taryhynyň täsiri bilen Garaşsyz döwletimiziň goranyş kuwwatyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça geçirilýän işleri şöhlelendirýär.

Sergide görkezilen suratlar Milli goşunymyzyň durmuşyndaky möhüm wakalary, hususan-da, her ýyl geçirilýän, ussatlygyň ýokary derejesini üýtgewsiz görkezýän türkmen esgerleriniň harby ýörişlerini şöhlelendirýär. Olar şöhratly ata-babalarymyzyň däplerini mynasyp dowam edip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, ene topragymyzyň asudalygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň goragynda hüşgär durýarlar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Sergide Döwlet muzeýiniň gaýduwsyz esgerlerimiziň durmuşy we edermenlikleri barada gürrüň berýän gymmatlyklary — gadymy ýaraglar, harby lybaslar, durmuşda ulanylýan enjamlar hem-de şol döwrüň ruhuna aralaşmaga mümkinçilik berýän beýleki zatlar görkezildi.