milli goshun logo
Watan goragçylarynyň gününi ýokary guramaçylykda geçirmegi tabşyrdy
Watan goragçylarynyň gününi ýokary guramaçylykda geçirmegi tabşyrdy
24.01.2019 1886 Habarlar

Düýn geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, sanly wideoaragatnaşyga birbada medeniýet ministri A.Şamyradowy, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy N.Garlyýewi çagyrdy. Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynyň edaralarynda işleriň ýagdaýyny berk gözegçilikde saklamagyň, döredijilik işgärleriniň hünär ussatlygyny artdyrmak, täze zehinleri ýüze çykarmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz meýilleşdirilen dabaralara, şol sanda üstümizdäki ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilmegi hem-de durmuş ähmiýetli desgalaryň açylmagy mynasybetli geçiriljek dabaralara ünsi çekip, şolary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada görkezme berdi. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri bilen gatnaşyklaryny täze mazmun bilen baýlaşdyrýan hem-de dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklaryň we köpugurly hyzmatdaşlygyň berkidilmegine, türkmen halkynyň ruhy mirasyny dünýä ýüzünde giňden ýaýmaga, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam edýän medeni çäreleri geçirmek babatda aýratyn tabşyryklar berildi.

Şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçiriljek çäreleri ýokary derejede guramak hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmek barada tabşyryklar berildi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, mertligi we edermenligi, ar-namysy hem-de Watana söýgini alamatlandyrýan bu mukaddes baýramçylyk ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, jemgyýetimizi jebisleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.