milli goshun logo
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli sport ýaryşlaryna badalga berildi
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli sport ýaryşlaryna badalga berildi
14 sagat öň 9 Sport

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň sport meýdançasynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň arasynda yglan edilen sportuň birnäçe görnüşleri boýunça ýaryşlara badalga bermek dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary, işgärleri hem-de türgenleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň arasyndaky sport ýaryşlaryna badalga bermek dabarasy Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen başlandy.

Dabaranyň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň aýdym-saz toparlarynyň watançylyk namalary harby gullukçylaryň ruhuny belende götermekde aýratyn ähmiýete eýe boldy. Soňra harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň hem-de türgenleriniň görkezme çykyşlaryna giň orun berildi. Türkmen alabaýyny idedýän harby gullukçylaryň wepalylygyň hem-de edermenligiň nyşanyna öwrülen alabaý itler bilen bilelikde görkezen çylşyrymly tilsimleri dabara gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy.

Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümi Watana wepalylyk kasamyny uly buýsanç bilen ýerine ýetirdiler münberiň öňünden dabaraly ýöriş bilen geçdiler.