Düýn geçirilen
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Döwlet serhet gullugynyň
başlygy Ş.Durdyýew 2018-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işler, ata
Watanymyzyň mukaddes serhediniň goragyny güýçlendirmek hem-de garamagyndaky
birikmeleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli
görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem täze nusgadaky serhet
galalarynyň binalarynyň, Watan goragçylary üçin maşgala durmuşynda ähli ugurdaş
düzümleri bolan has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy barada habar berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, parahatçylygyň we
abadançylygyň bähbidine ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň
milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösmegini we onuň ygtybarly goralmagyny,
aýratyn hem, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de doganlyk serhedi bolan
Döwlet serhediniň eldegrilmesizligini üpjün etmäge ýardam etmelidigini nygtady.
Milli Liderimiz gullugyň harby birikmeleriniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, bu
edaranyň harby gullukçylarynyň söweşjeň, beden, syýasy taýýarlygynyň derejesini
ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belledi.
Maddy-enjamlaýyn
binýadyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berilmelidir diýip, döwlet
Baştutanymyz täze toplumlaryň, harby gullukçylaryň maşgala agzalary üçin durmuş
şertleriniň has doly üpjünçiligi bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň
barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.