Şu gün paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň
merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni
mynasybetli Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen ada mynasyp bolan ýaşlary
sylaglamak dabarasy geçirildi. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen dabara
ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy
partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň
ýolbaşçylary, döredijilikli zähmeti bilen döwrümiziň ösüşlerine goşant goşýan
bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar.
Dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmelere,
bedew batly ösüşlere hem-de ýaşlaryň üstünliklerine bagyşlanan sergini
synladylar. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň
ýan kitabyna öwrülen gymmatly eserlerine möhüm orun berildi. Ýerine ýetirilen
aýdym-sazly çykyşlar dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredilen wagtyndan bäri
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy beden we ruhy-ahlak taýdan
sagdyn, zähmetsöýer, Watana wepaly nesilleri terbiýelemek işine mynasyp goşant
goşup gelýär. Gurama ýurdumyzyň ýaşlaryny bir ýere jemläp, olaryň
ukyp-başarnyklaryny, bilimini Garaşsyz Watanymyzy ösdürmäge gönükdirmek boýunça
wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýär.
Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli
Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy öňdebaryjy ýaşlaryň we ýokary okuw
mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasy
bilen açyldy. Ol bedew badynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe
barýan berkarar Watanymyza ýaşlaryň belent buýsanjynyň beýany boldy.
Soňra dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalaryna hem-de Ýaşlar baýragynyň
eýelerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. «Eziz
Diýarymyzda agzybirlik we ruhubelentlik bilen amala aşyrylýan beýik işlerde
ýaşlarymyzyň mynasyp paýynyň bolmagy örän guwandyryjydyr. Biz watansöýüjiligi,
ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, dostlugy özlerine ýörelge edinýän ýaşlaryň
ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşýandyklaryna buýsanýarys» diýip, Arkadagly
Gahryman Serdarymyz Gutlagynda belleýär. Ýaşlaryň jemgyýetçilik başlangyçlaryny
goldamak, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, bilimde, ylymda, döredijilikde,
sportda we zähmetde gazanýan üstünliklerini höweslendirmek maksady bilen, her
ýyl Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününde gowşurylýan
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu baýrak ýaşlary
öndürijilikli zähmete, döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýar. Hormatly
Prezidentimiz Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň ýurdumyzyň taryhynda möhüm
wakadygyny nygtap, bu senäniň ýaş nesillerimizi täze üstünliklere, döwletli
başlangyçlara hem-de belent maksatlara galkyndyrjakdygyna berk ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde
Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli
geçen okuw sapagyndaky ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň, maşgalanyň
öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan çykyşy watansöýüjiligiň uly mekdebine
öwrüldi. Milli Liderimiz çykyşynda: «Adamyň ömürboýy gazanan baýlygy —
tälim-terbiýesi, akyl-paýhasy, ukyp-başarnygy, hünäri onuň Watan gymmatlygy
baradaky garaýyşlarynda ýüze çykýar. Perzendiň terbiýesiniň esasy mazmuny Watan
mukaddesliginde jemlenýär. Türkmen maşgalasynda perzendiň il aladasyny edýän
ogul bolup kemala gelmeginiň asyl manysynda Watan üçin edilen yhlas we söýgi
bardyr... Siziň her biriňiziň baş şygaryňyz kämillik bolmalydyr. Ynsan hemişe
kämillige ymtylmalydyr. Türkmen ýigidi we gyzy özünde milletimiziň iň ajaýyp,
iň gözel, iň näzik ahlak sypatlaryny jemlemelidirler. Arassa ahlak ynsanyň
kämilligi bilen ýüze çykýar. Ynsan kalbynda dostluk, doganlyk, ynsanperwerlik
duýgularyny oýarýan halkymyzyň milli ahlak kadalaryna her birimiz guwanmaga,
buýsanmaga doly haklydyrys» diýip belledi.
Soňra zähmetde, döredijilikde, ylym-bilimde aýratyn
tapawutlanan ýaşlar gezekli-gezegine Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny kabul
etdiler. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany»
ýylynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat,
Arkadag şäherleriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýaşlaryň köp
sanlysy bu baýraga hödürlenildi. Şolardan ylymda, bilimde, sportda, saglygy
goraýyşda, medeniýetde, ykdysadyýetde, senagatda, oba hojalygynda üstünlikleri
gazanan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary
syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini wagyz etmekde ýokary
döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlar Türkmenistanyň Ýaşlar
baýragyna mynasyp görüldi. Abraýly baýraga mynasyp bolan ýaşlar degişli
şahadatnamalary we hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary
buýsanç bilen kabul etdiler.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň ilatynyň agramly bölegini
Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaşlar düzýär. Olar halk hojalygynyň dürli
pudaklarynda milli hem-de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde yhlasly
zähmet çekýärler, jemgyýetçilik-syýasy durmuşy kämilleşdirmek boýunça
başlangyçlary öňe sürüp, ylym-bilim, jemgyýetçilik işi bilen meşgullanýarlar.
Garaşsyzlyk ýyllaryndaky düýpli özgertmeler ýurdumyzyň keşbini tanalmaz
derejede özgertdi. Gazanylan ägirt uly üstünlikler döwlet ösüş ugrunyň
oýlanyşykly saýlanyp alnandygynyň görkezijisi bolmak bilen, bu ugry eziz Diýarymyzyň
ykbaly we geljegi üçin jogapkärçilik çekýändiklerine düşünýän ähli
türkmenistanlylaryň giňden goldaýandygynyň beýany boldy. Gahryman Arkadagymyzyň
Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky çykyşynda: «Siz
— Garaşsyzlyk şertlerinde ösüp ýetişen nesil. Türkmenistan size uly umyt
baglaýar» diýip nygtamagy ähli ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Diýarymyzda ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi üçin ähli
zerur şertler döredilýär. Olaryň döwrebap bilim almaklaryna, saýlap alan kärine
eýe bolmaklaryna, ylmy işleri alyp barmaklaryna, döredijilik başarnyklaryny
durmuşa geçirmeklerine, sport bilen meşgullanmaklaryna uly ähmiýet berilýär.
Degişli ugurdaky kanunçylyk-hukuk binýady, kabul edilen maksatnamalar hem munuň
şeýledigine şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly
başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala
aşyrylýan giň gerimli işlerde beýanyny tapýar. Türkmen ýaşlary döwlet we
jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmak bilen, dünýäde Garaşsyz, baky Bitarap
Watanymyza mynasyp wekilçilik edip, halkara hyzmatdaşlyga giňden çekilýär.
Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara
hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» kabul edildi. Onuň
çäklerinde türkmen ýaşlarynyň we olaryň dürli döwletlerdäki deň-duşlarynyň
arasynda netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň
özi halkara giňişlikde ynanyşmagy, özara düşünişmegi berkitmäge ýardam edýär.
Ýurdumyz BMG-niň bilimiň bütin dünýäde ösdürilmegine, ýaşlar bilen bagly
meseleleriň toplumlaýyn çözülmegine gönükdirilen Durnukly ösüş maksatlarynda
bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşant goşýar.
...Abraýly sylaga mynasyp bolan bagtyýar ýaşlar bilim
almaga, zähmet çekmäge, döredijilik, ylmy iş bilen meşgullanmaga döredýän
şertleri üçin Milli Liderimize we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden
hoşallyklaryny beýan etdiler. Çykyş edenler ýaşlaryň eziz Watanymyzy mundan
beýläk-de ösdürmekde, Garaşsyz Diýarymyzyň, halkymyzyň her bir gününi şöhratly
üstünliklere beslemekde mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Bu
ugurda Gahryman Arkadagymyzyň «Watançylyk taglymaty» atly kitaby hem ýaşlarymyz
üçin ýolgörkeziji şamçyraga öwrüler.
Dabaranyň çykyşlar bilen utgaşmagy onuň ruhubelentligini
has-da artdyrdy.
Islendik döwletiň kuwwaty diňe bir tebigy baýlyklary
bilen däl, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen kesgitlenilýär.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş
türkmenistanlylaryň sagdyn ösmekleri, kämil şahsyýet hökmünde kemala
gelmekleri, aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini doly derejede
durmuşa geçirmekleri, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni
durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin ähli amatly şertler döredilýär. Şunuň bilen
baglylykda, ýaşlaryň bilim-terbiýesine uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň bilim
ulgamynyň öňünde ylymly-bilimli, maksada okgunly, zähmetsöýer ýaşlary
terbiýelemek, döwrebap sanly tehnologiýalardan gowy baş çykarýan, başarjaň
hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanmak, ýokary okuw
mekdeplerinde berilýän bilimiň ylym, önümçilik bilen utgaşdyrylmagyny üpjün
etmek babatda kämil usuly döretmek esasy maksat hökmünde kesgitlenildi. Bilim
edaralarynda, iş we durmuş şertlerinde sanly tehnologiýalaryň işjeň
ornaşdyrylmagy döwrebap pikirlenýän, ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagyna
goşant goşýan jemgyýeti kemala getirmäge ýardam berýär.
Bagtyýar ýaşlarymyz bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň
göreldesine eýerip, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ählitaraplaýyn ösdürmäge
gönükdirilen başlangyçlaryndan ugur alyp, ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw
mekdeplerinde zähmet çekýärler, düýpli nazary we amaly barlaglary geçirýärler,
sanly ulgamyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşup, innowasion senagat
nusgalaryny işläp taýýarlaýarlar. Döredilýän döwrebap mümkinçiliklere jogap
hökmünde ýurdumyzyň ýaşlary halkara ders, ylmy bäsleşiklerde, internet
olimpiadalarynda, sport ýaryşlarynda ýokary netijeleri gazanýarlar we baýrakly
orunlara mynasyp bolýarlar.
Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň öňünde geçen umumy okuw
sapagyndaky: «Watanyny diňe söz bilen däl, halal zähmeti, yhlas-başarnygy bilen
söýýän, beýik şahsyýetlere hormat goýýan ýaşlar hakyky watançy nesillerdir.
Oguz han, Adybeg soltan, Jygaly beg, Görogly, Jelaletdin Menguberdi ýaly ýurt
azatlygy, Watan goragy ugrundaky agyr söweşlerde mertlik görkezen milli
gahrymanlar bu günki nesiller üçin gaýduwsyzlygyň belent mekdebidir. Türkmen
ýaşlary ata-babalarymyzyň yhlasy siňen türkmen topragynyň her bir daban ýeriniň
mukaddesdigini hiç wagt unutmaly däldirler! Türkmen ýaşlary öz pederleriniň
Watanyna wepaly, ynsanperwer, adalatly, sahawatly, asylly, sabyr-kanagatly ynsanlar
bolandyklaryny hiç wagt unutmaly däldirler! Türkmen halkynyň gadymdan gözbaş
alýan watansöýüjiligi, gahrymançylygy we edermenligi bu günki türkmen ýaşlaryny
bezeýän iň asylly, iň arzyly milli häsiýetler bolmalydyr. Goý, siziň batyr,
edermen, gaýduwsyz häsiýetleriňiz watansöýüjiligiň ajaýyp tugy bolup dünýäde
belentden parlasyn!» diýen sözleri bu gün ýaş türkmenistanlylaryň kalbynda sena
bolup ýaňlanýar.
Dabaranyň ahyrynda Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş
dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.